BILIM

Talyp-2025:Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty

2025/2026-njy okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler (hünärmen maksatnamasy) boýunça talyplyga kabul edýär:

  1. Hünärmen maksatnamasy (býujet esasynda):

Bedenterbiýe we sport (hünär: sport).

  1. Hünärmen maksatnamasy (tölegli esasda):
  2. Bedenterbiýe we sport (hünärler: sport; bedenterbiýe; sport žurnalistikasy; sagaldyş işi; sport tehnologiýalarynyň tehniki üpjünçiligi).
  3. Ykdysadyýet we dolandyryş (hünär: sport desgalaryny dolandyrmak).
  4. Psihologiýa ylymlary (hünär: sport psihologiýasy).

Instituta umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde (Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça) 2025-nji ýylyň 14 — 27-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— I sport derejesinden pes bolmadyk türgeniň hünär dereje kitapçasy, sport mekdebinden hödürnama we häsiýetnama («Sport» hünäri boýunça resminama tabşyrýan dalaşgärler üçin);

— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary, Türkmenistanyň çempionlary we halkara sport ýaryşlarynyň ýeňijileri şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— pasportyny;

— harby şahadatnamasyny ýa-da harby hasaba goýlandygy hakynda şahadatnamasyny.

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Aşgabat ş.) aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

Aşgabat we Arkadag şäherleri — iýul aýynyň 30-31-i, awgust aýynyň 2-si we 4-i günleri;

Ahal welaýaty — awgust aýynyň 1-i, 3-i we 5-i günleri;

Mary welaýaty — awgust aýynyň 6-sy, 8-i we 10-y günleri;

Lebap welaýaty — awgust aýynyň 7-si, 9-y we 11-i günleri;

Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 12-si, 14-i we 15-i günleri;

Balkan welaýaty — awgust aýynyň 13-i, 14-i we 15-i günleri.

Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär:

hünär: sport — sportuň saýlanan görnüşi (okuwa girýänler saýlap alan sportuň görnüşinden tassyklanylan möçbernamany ýerine ýetirmeli), biologiýa, Türkmenistanyň taryhy;

hünär: bedenterbiýe — beden taýýarlygy boýunça tassyklanylan möçbernamany ýerine ýetirmeli, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy;

hünär: sport žurnalistikasy — türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy, jemgyýeti öwreniş;

hünärler: sport desgalaryny dolandyrmak; sport tehnologiýalarynyň tehniki üpjünçiligi — matematika, Türkmenistanyň taryhy, jemgyýeti öwreniş;

hünärler: sagaldyş işi; sport psihologiýasy — türkmen dili we edebiýaty, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda, döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan:

— orta sport mekdeplerini tamamlan ýokary derejeli türgenler;

— 2021 — 2025-nji ýyllarda geçirilen halkara ýaryşlaryň ýeňijileri;

— 2021 — 2025-nji ýyllarda sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň agzalary;

— «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýänler peýdalanýarlar.

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň salgysy: Aşgabat ş., Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40,

tel.: 39-98-70, 39-98-71.

Resminamalaryň terjime hyzmaty : Makul Terjime

Daşary ýurtda bilim almak isleýän talyplaryň resminamalaryň dogry we takyk terjime edilmegi wajyp bolup durýar. Şu maksat bilen Türkiýede we dünýäniň dürli künjeginde bilim almak isleýän talyplar halkara okuw resminamalaryň terjimesi ulgamynda ýöriteleşen “Makul Hyzmat” Terjime Merkeziniň Aşgabat şäherindäki merkezlerine ýüz tutup bilerler.

“Makul Hyzmat” Terjime Merkezi

Aşgabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok,

Makul Hyzmat Ofis, 4. gat, 401

Tel: +993 63 78 96 73 / + 993 12 96 48 55

Elektron poçta salgysy: makulhyzmat@gmail.com

Ýene-de okaň

Indira Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebi

Ata Watan Eserleri

Talyp-2025: Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebi

Ata Watan Eserleri

Talyp-2025: Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebi

Ata Watan Eserleri

Talyp-2025: Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebi

Ata Watan Eserleri

Talyp-2025: Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi

Ata Watan Eserleri

Talyp-2025:Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy

Ata Watan Eserleri