2025/2026-njy okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler (hünärmen maksatnamasy) boýunça talyplyga kabul edýär:
- Hünärmen maksatnamasy (býujet esasynda):
Aýdym-saz sungaty (hünärler: türkmen sazy; halk saz gurallary; fortepiano; kirişli saz gurallary; üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary; aýdym sungaty; bagşy; opera sungaty; hor dirižýorlygy; orkestr dirižýorlygy; sazşynaslyk; türkmen sazynyň taryhy we nazaryýeti boýunça sazşynaslyk; kompozisiýa).
- Hünärmen maksatnamasy (tölegli esasda):
Aýdym-saz sungaty (hünärler: saz mugallymçylygy; estrada sungaty).
Konserwatoriýa orta hünär saz bilimli, ýaşy 35-den geçmedik Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Saz mugallymçylygy; estrada sungaty hünärlerine çagalar sazçylyk mekdebiniň möçberinden pes bolmadyk saz bilimli raýatlar kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlary konserwatoriýada (Aşgabat ş.) 2025-nji ýylyň 14 — 27-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;
— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy), Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky ýörite sazçylyk, çeperçilik we sungat mekdeplerini tamamlap, iki ýyllyk iş tejribeligini geçýän ýaşlar üçin orta hünär bilimi hakynda resminamanyň (diplomyň) tassyklanan göçürmesi;
— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
— 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary, taýýarlygyň döredijilik ugurlary boýunça milli we halkara döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:
— pasportyny;
— harby şahadatnamasyny ýa-da harby hasaba goýlandygy hakynda şahadatnamasyny.
Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek konserwatoriýada (Aşgabat ş.) 2025-nji ýylyň 30-njy iýuly — 6-njy awgusty aralygynda bellenen möhletlerde geçirilýär.
Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär:
hünärler: türkmen sazy; halk saz gurallary; fortepiano; kirişli saz gurallary; üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary — hünäri boýunça (ýerine ýetirmek we söhbetdeşlik), solfejio we garmoniýa (ýazmaça we dilden), Türkmenistanyň taryhy (ýazmaça we dilden);
hünärler: aýdym sungaty; opera sungaty; bagşy — hünäri boýunça (ýerine ýetirmek we söhbetdeşlik), solfejio we saz nazaryýeti (ýazmaça we dilden), Türkmenistanyň taryhy (ýazmaça we dilden);
hünärler: hor dirižýorlygy; orkestr dirižýorlygy — hünäri boýunça we fortepiano (ýerine ýetirmek we söhbetdeşlik), solfejio we garmoniýa (ýazmaça we dilden), Türkmenistanyň taryhy (ýazmaça we dilden);
hünärler: sazşynaslyk, türkmen sazynyň taryhy we nazaryýeti boýunça sazşynaslyk — solfejio we garmoniýa (ýazmaça we dilden), saz guraly (ýerine ýetirmek) we saz edebiýaty (ýazmaça we dilden), Türkmenistanyň taryhy (ýazmaça we dilden);
hünär: kompozisiýa — döreden eserleri we fortepiano (ýerine ýetirmek we söhbetdeşlik), solfejio we garmoniýa (ýazmaça we dilden), Türkmenistanyň taryhy (ýazmaça we dilden);
hünärler: saz mugallymçylygy; estrada sungaty — hünäri boýunça we ýörite saz guraly (ýerine ýetirmek we söhbetdeşlik), solfejio we saz nazaryýeti (ýazmaça we dilden), Türkmenistanyň taryhy (ýazmaça we dilden).
Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň, ýörite orta sazçylyk mekdepleriniň, çagalar sazçylyk mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.
Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde geçirilýär.
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.
Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň salgysy:
Aşgabat ş., 1984-nji (Puşkin) köçe, 22, tel.: 92-28-56.
Resminamalaryň terjime hyzmaty : Makul Terjime
Daşary ýurtda bilim almak isleýän talyplaryň resminamalaryň dogry we takyk terjime edilmegi wajyp bolup durýar. Şu maksat bilen Türkiýede we dünýäniň dürli künjeginde bilim almak isleýän talyplar halkara okuw resminamalaryň terjimesi ulgamynda ýöriteleşen “Makul Hyzmat” Terjime Merkeziniň Aşgabat şäherindäki merkezlerine ýüz tutup bilerler.
“Makul Hyzmat” Terjime Merkezi
Aşgabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok,
Makul Hyzmat Ofis, 4. gat, 401
Tel: +993 63 78 96 73 / + 993 12 96 48 55
Elektron poçta salgysy: makulhyzmat@gmail.com