BILIM

Talyp-2025: Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebi

2025/2026-njy okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär:

  1. Býujet esasynda:
  2. Başlangyç synplarda okatmak.
  3. Mekdebe çenli bilim we terbiýe.
  4. Tölegli esasda:

Başlangyç synplarda okatmak.

Mugallymçylyk mekdebine Aşgabat şäherinde, Ahal we Balkan welaýatlarynda hemişelik ýaşaýan, umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde 2025-nji ýylyň 14 — 27-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— pasportyny;

— harby şahadatnamasyny ýa-da harby hasaba goýlandygy hakynda şahadatnamasyny.

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek 2025-nji ýylyň iýul aýynyň 30-31-i, awgust aýynyň 2-3-i we 5-6-sy günlerinde Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebinde (Aşgabat ş.) geçirilýär.

Giriş synaglary ähli hünärler boýunça matematika, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy derslerinden geçirilýär.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda, döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.

Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň salgysy:

Aşgabat ş., Görogly köçesi, 124,

tel.: 90-62-04.

Resminamalaryň terjime hyzmaty : Makul Terjime

Daşary ýurtda bilim almak isleýän talyplaryň resminamalaryň dogry we takyk terjime edilmegi wajyp bolup durýar. Şu maksat bilen Türkiýede we dünýäniň dürli künjeginde bilim almak isleýän talyplar halkara okuw resminamalaryň terjimesi ulgamynda ýöriteleşen “Makul Hyzmat” Terjime Merkeziniň Aşgabat şäherindäki merkezlerine ýüz tutup bilerler.

“Makul Hyzmat” Terjime Merkezi

Aşgabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok,

Makul Hyzmat Ofis, 4. gat, 401

Tel: +993 63 78 96 73 / + 993 12 96 48 55

Elektron poçta salgysy: makulhyzmat@gmail.com

Ýene-de okaň

Indira Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebi

Ata Watan Eserleri

Talyp-2025: Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebi

Ata Watan Eserleri

Talyp-2025: Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebi

Ata Watan Eserleri

Talyp-2025: Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi

Ata Watan Eserleri

Talyp-2025:Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy

Ata Watan Eserleri

Talyp-2025: Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty

Ata Watan Eserleri