2025/2026-njy okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler (hünärmen maksatnamasy) we taýýarlygyň ugurlary (bakalawr maksatnamasy) boýunça talyplyga kabul edýär:
- Hünärmen maksatnamasy (býujet esasynda):
Weterinariýa we zootehniýa (hünärler: atçylyk; weterinar lukmançylygy).
- Bakalawr maksatnamasy (býujet esasynda):
- Weterinariýa we zootehniýa (taýýarlygyň ugurlary: seýisçilik; weterinar we sanitar ekspertizasy).
- Bedenterbiýe we sport (taýýarlygyň ugry: milli at üstündäki oýunlar).
- Sahna sungatlary we edebi döredijilik (taýýarlygyň ugry: sirk sungaty).
- Ykdysadyýet we dolandyryş (taýýarlygyň ugurlary: oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy; buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit (oba hojalygynda).
III. Bakalawr maksatnamasy (býujet esasynda):
Bedenterbiýe we sport (taýýarlygyň ugry: atly sport we atly syýahatçylyk (okuwlar iňlis dilinde alnyp barylýar). Okuwyň dowamlylygy 5 ýyla (1 ýyl — dil taýýarlygy, 4 ýyl — bakalawr maksatnamasy boýunça okuw) deňdir.
Akademiýa umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Arkadag şäherinde (Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça) 2025-nji ýylyň 14 — 27-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;
— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);
— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
— 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:
— pasportyny;
— harby şahadatnamasyny ýa-da harby hasaba goýlandygy hakynda şahadatnamasyny.
Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek akademiýada (Arkadag ş.) aşakdaky möhletlerde geçirilýär:
Ahal welaýaty — iýul aýynyň 30-y, awgust aýynyň 1-i we 3-i günleri;
Aşgabat we Arkadag şäherleri — iýul aýynyň 31-i, awgust aýynyň 2-si we 4-i günleri;
Mary welaýaty — awgust aýynyň 3-i, 5-i we 6-sy günleri;
Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 4-i, 6-sy we 7-si günleri;
Lebap welaýaty — awgust aýynyň 5-i, 7-si we 8-i günleri;
Balkan welaýaty — awgust aýynyň 7-si, 8-i we 9-y günleri.
Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär:
hünärler: atçylyk, weterinar lukmançylygy — himiýa, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy;
taýýarlygyň ugurlary: seýisçilik, weterinar we sanitar ekspertizasy — himiýa, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy;
taýýarlygyň ugurlary: atly sport we atly syýahatçylyk, milli at üstündäki oýunlar — saýlanan taýýarlygyň ugry boýunça ukybyny barlamak, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy;
taýýarlygyň ugry: sirk sungaty — saýlanan taýýarlygyň ugry boýunça ukybyny barlamak, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;
taýýarlygyň ugurlary: oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy, buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit (oba hojalygynda) — matematika, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy.
Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda, döwlet dilinde dilden geçirilýär.
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.
Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýänler peýdalanýarlar.
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň salgysy: Arkadag ş., Aba Annaýew şaýoly, 30,
tel.: 57-24-30.
Resminamalaryň terjime hyzmaty : Makul Terjime
Daşary ýurtda bilim almak isleýän talyplaryň resminamalaryň dogry we takyk terjime edilmegi wajyp bolup durýar. Şu maksat bilen Türkiýede we dünýäniň dürli künjeginde bilim almak isleýän talyplar halkara okuw resminamalaryň terjimesi ulgamynda ýöriteleşen “Makul Hyzmat” Terjime Merkeziniň Aşgabat şäherindäki merkezlerine ýüz tutup bilerler.
“Makul Hyzmat” Terjime Merkezi
Aşgabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok,
Makul Hyzmat Ofis, 4. gat, 401
Tel: +993 63 78 96 73 / + 993 12 96 48 55
Elektron poçta salgysy: makulhyzmat@gmail.com