BILIM

Talyp 2021: Okuwa kabul edişlik başlaýar

Ýurdumyzda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine dalaşgärlerden resminamalary kabul etmek işi başlaýar.

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz degişli Buýruga gol çekip, 2021-nji ýylda welaýatlar we Aşgabat şäheri boýunça ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine, orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamalaryny tassyklady. Okuwa kabul edişlik 2021-nji ýylyň 12-nji Iýuly-27-nji Awgusty aralygynda welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde amala aşyrylar.

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň https://www.atavatan-turkmenistan.com/ internet saýty ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine dalaşgärlerden resminamalarynyň kabul edişlik tertibini ir bilen çap edýäris. Siz saýtymyzyň “Talyp-2021” sahypasyna gelip, ýokary okuw jaýlaryna degişli ähli habarlary aňsatlyk bilen tapyp, gyzgyny bilen okap bilersiňiz. Köp sanly talyplyga dalaşgär ýaş oglan we gyzlaryň we olaryň ene-atalarynyň bu habardan “habarly” bolmagyny, şeýle hem resminamalary tabşyrmak üçin gerekli maglumatlara elýeterli bolmagyny gazanmak üçin bu habarymyzy IMO we beýleki hasaplarda paýlaşmagyňyzy haýyş edýäris.

Tertip resmi taýdan çap edilen dessine saýtymyza ýerleşdiriler. Şol sebäpli saýtymyzy yzarlamaga dowam ediň! Ýokary okuw mekdepleri boýunça habar saýtymyza girilen wagty Size “habar” geler ýaly, biziň IMO hasabymyzy (+99365802470) yzarlaň, Instagram hasabymyza (@atavatanturkmen ň ýazylyň we Google Plaý Marketden şu ýere basyp ýa-da “Atavatan Türkmenistan” ýazyp mobil goşundymyzy mugt ýükläp alyň!

Ýokary okuw mekdepleri : 2021-2022

Diplom ykrar etmek we daşary ýurtda bilim almak boýunça Resminamalaryň Terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezi

“Makul Terjime”  telefony:

+993 63 78 96 73 & : + 993 12 96 48 55

Aşkabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok, Makul Hyzmat Ofis, 4-nji gat, 401

E-mail salgysy : makulhyzmat@gmail.com

Ýokary okuw mekdepleriň käbiri hojalyk hasaplaşygyna geçiriler

Ýerli we halkara okuw mekdepleri: Ähli habarlar bir ýerde

Ýene-de okaň

Wengriýa her ýyl Özbegistanyň raýatlary üçin 200-e çenli talyp hakyny bölüp berer

ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasy kitap sergisini gurnaýar

Türkmen okuwçylary halkara himiýa olimpiadasynda 3 medal gazandy

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetine 500 talyp kabul ediler

Türkmenistanda 2025-2026-njy okuw ýylynda 16 müň 782 talyp okuwa kabul ediler

Türkmenistanda Hytaýyň Lu Ban ussahanasynyň işi ýola goýlar