Paýtagtymyz Aşgabatdaky meşhur “Talhan” restorany Dubaýdaky restorany bilen türkmen tagamlaryny dünýä tandaýar. Bilşiňiz ýaly, Dubaý şäheri dünýäniň esasy syýahatçylyk merkezleriniň biridir. Bu şäherde, arap ýurtlarynyň arasynda ilkinji bolup, iri “EKSPO” sergisi guraldy.
Şol bütindünýä sergisi üçin ” Expo City Dubai” şäherçesi döredildi. Serginiň tamamlanmagy bilen ozalky sergilerden tapawutlylykda, “Expo City Dubai” şäherçesi öz işini dowam edýär. Bu şäherçedäki Türkmenistan döwletimiziň meýdançasynda “Talhan” restorany öz işini alyp barýar.
“Expo City Dubai” şäherçesiniň resmi saýtynda bellenilip geçilişi ýaly, “Talhan” restorany diňe bir türkmen tagamlaryny däl, eýsem halkara tagamlarynyň sazlaşygyny hem emele getirip, özüniň myhmanlaryna tagamlaryň köpdürlüligini bilen syýahat etmek mümkinçiligini döredýär.
Restoran ir sagat 09:00-dan 23:00-a çenli işleýär. Bu ýerde türkmen tagamlaryny datmak mümkinçiligi döredildi. Amatly bahalardan palow, unaş, gutap, gowurdak, somsa, manty ýaly türkmen aşhanasynyň naýbaşy tagamlary myhmanlara hödürlenýär.
Mälim bolşy ýaly, “Talhan” restorany paýtagtymyz Aşgabatda bolup, şeýle hem “Talhan” markaly çörek we çörek önümleri hem uly islegden peýdalanýar.
