SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Täjigistanyň 10 millionynjy raýaty dünýä indi

Duşenbe şäherindäki 2-nji çaga dogrulýan öýünde doglan we Firdaws adyny alan oglanjyk Täjigistanyň 10 millionynjy raýaty boldy. Şeýlelik bilen, Täjigistan Merkezi Aziýada ilat sany boýunça 3-nji ornuny berkitdi.

Täjigistan Respublikasynyň Saglygy goraýyş we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň we Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Statistika agentliginiň beren beýanatyna görä, 10 millionynjy raýaty ene-atasy Duşanbe şäheriniň Şohmansur etrabynyň ýaşaýjylary Faridun Barotow bilen Mahfirat Şokirowadyr.

Bäbegiň kakasy daşary ýurtda işçi bolup işleýär, ejesi bolsa öý hojalykçysy. Firdaws atly çaga bolsa ýaş maşgalanyň ilkinji çagasydyr.

Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon täze doglan çaganyň maşgalasyny ýaşaýyş jaýy bilen üpjün etmek barada tabşyryk berdi. Duşanbe şäheriniň ýolbaşçysy Rustami Emomali ýurduň 10 millionynjy raýatynyň ejesi Mahfirat Şokirowa 3 otagly täze ýaşaýyş jaýyny sowgat etmek hakyndaky karara gol çekdi.

10 millionynja raýatyň maşgalasyna täze jaýyň açaryny ýurduň Premýer-ministriniň orunbasary Matlubaho Sattoriýen we Duşanbe şäheriniň ýolbaşçysynyň orunbasary Dilbar Odilzoda gowşurdy.

Täjigistanyň Prezidenti hem öz gezeginde ýurduň halkyny ilat sanynyň 10 milliona ýetmegi bilen gutlady.

 

Gazagystanyň Prezidentiniň Saud Arabystanyna ilkinji sapary

Ýene-de okaň

Türkmenistan we Ýaponiýa göni howa gatnawlary barada maslahat etdi

Astrahan Türkmenistan bilen uçar gatnawlaryny ýola goýmagy meýilleşdirýär

Ata Watan Eserleri

“S7” awiakompaniýasy Moskwa-Aşgabat-Moskwa ugry boýunça howa gatnawlary ýerine ýetirip başlady

Aşgabat-Stambul-Aşgabat gatnawynda bilet arzanladyşy

Ata Watan Eserleri

Hytaýyň Türkmenistandaky ilçihanasy bir hepdelik wiza resmileşdirmegi togtadýar

Türkmen lukmanlary halkara tejribesini artdyrýarlar

Ata Watan Eserleri