JEMGYÝET

Sygyr süýdünden köýnekçe

Kaliforniýanyň «Mi Terro» atly süýt söwdasy bilen meşgullanýan çaklaňrak şereketi galan süýtleri zaýalamazlygyň täsin hem örän peýdaly ýoluny tapdy. Indi şereketde süýtden mata dokalýar, matadan hem erkek kişiler üçin köýnekçe.

«New Atlas» neşiriniň habarynda aýdylyşy ýaly, her gün satylman galan süýt bu ýerde gaýtadan işlenilýär. Şereketiň hünärmenleri süýtden mata almagyň tehnologiýasyny işläp düzdüler. Şol matadan hem köýnekçe dokalýar. Ilçilikdir, eger siz «Limitless Milk Shirt» köýnekçelerine gabat gelseňiz, onda onuň sygyr süýdünden dokalandygyna ynanyp bilersiňiz. Iň täsin ýeri, bir köýnekçäni taýýarlamak üçin 5 bulgur süýt ýeterlik. Siz 5 bulgur süýdüň bahasyna bir köýnekçe satyn alyp bilermisiňiz? «Mi Terronyň» hünärmenleri bolsa muny başardylar.

Aýdylyşyna görä, sygyr süýdünden taýýarlanan köýnekçe pagtadan taýýarlanylanyndan hem ýumşak. Ol bakterialara garşy hem üstünlikli goranyp bilýär.  Süýt ynsan saglygyna nähili peýda getirýän bolsa, şol peýdany köýnekçäni geçen adam hem görüp biler.

Ýene-de okaň

“Makul Iňlisçe-Türkmençe” dil gollanmasy neşir edildi

Ata Watan Eserleri

Hytaýyň ilçisi: Hytaý jemgyýetinde türkmen diline bolan ünsi artýar

Halkara guramalarynyň wekilleri Türkmenistanyň “Arkadag” medaly bilen sylaglanar

Ilçi Szi Şumin: ahalteke bedewi türkmen we hytaý dostlugynyň nyşanydyr

Szi Şumin: türkmen-hytaý gaz hyzmatdaşlygyna 20 ýyl doldy

Türkmenistanyň ÝB ýurtlary bilen söwda dolanyşygy 2,1 milliard dollara deň boldy