DÜNÝÄ

Syýahatçylyk girdejisi 15 million dollar

Syýahatçylyk pudagy ähli ýurtlaryň, galyberse-de dünýäniň ähli şäherleriniň iň düşewüntli pudaklarynyň birine öwrüldi. Şeýle ýagdaý Portugaliýanyň ululygy boýunça ikinji uly şäheri bolan Porto hem degişlidir. Onuň 2019-njy ýyl boýunça syýahatçylyk girdejisi 15 million dollara deň boldy. Bu barada Porto şäheriniň ykdysadyýet, syýahatçylyk we söwda boýunça geňeşligi habar berýär.

Syýahatçylyk pudagynyň iň köp girdeji gazandyrýan ugry myhmanhana işewürligidir. Porto şäheri Ýewropanyň iň gadymy syýahatçylyk şäherleriniň biridir. Ol 1996-njy ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşuldy. Soňky ýyllarda şäheriň syýahatçylyk ösüşi görnetin artdy. 2015-nji ýylyň iýulyndan bäri, gämili gezelenç üçin terminal hyzmat edip gelýär.

Ýene-de okaň

“Owganystan-Merkezi Aziýa” konsultatiw duşuşygy geçiriler

Türkmenistan 3 aýda 520 sany halkara duşuşyklaryny geçirdi

Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy mejlisine gatnaşdy

Eýranyň Aşgabatdaky medeniýet merkezi surat çekmek bäsleşigini geçirýär

Türkmenistanyň Ilçisiniň Gruziýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşygy

Türkmenistanyň wekiliýeti «Energoprom-2026» Kazan forumyna gatnaşdy