TESWIRLER

Süzmegulak : Şahyryň halan tagamy

Geçen asyryň altmyşynjy ýyllarynda bolsa gerek, alym, şahyr Meretguly Garryýew döredijilik sapary bilen Türkmenbaşy etrabynyň Çagyl obasyna gelipdi. Ol öýümizde bolan dört günüň içinde müň derdiň dermany düýe çalydyr süýdünden gaýry tagamlaryň hiç birine-de göwünjeň el uzutmady. Iýmit siňdiriş agzalarynyň nähoşlygy zerarly berhiz tutýan ekeni. «Heniz gören dälsiňiz, şun-a halasyňyz gerek» diýip, biz oňa süzmegulak bişirip berdik.

Süzmegulak köplenç kellebaşaýak, omaça, döş, oňurga ýaly ýagly, ýilikli süňkler asylanda bişirilýär. Ony balykdan, guşdan hem bişirse bolýar. Kellebaşaýak bişirilende, içegelere dogralan, üwelen ýagly etleriň üstüne sogan, sarymysak, gara burç hem atyp, iki çetini mäkäm bogup, gazana atýarlar. Ýugrulýan hamyra iki sany ýumurtga goşup, ony gaty ýuka ýaýýarlar, aňyrsyndan Gün görnüp durandyr. Gulaklar gazana atylmanka, ondaky ähli süňkler, etler gazandan çykarylyp, iri-iri dogralýar. O diýen ownuk dogramaly däl. Ol naharyň berekedini alan ýaly bolýar. Başga bir gaba bolsa gazandan ýagly çorba süzülip alnyp, onuň üstüne iri dogralan sogan, tagamy, ysy çykmak üçin az mukdarda sarymsak, gara burç atylyp, sähelçe gowrulýar. Sogandyr sarymsagyň gowrulyp, ajysy birneme ýatyşan çeninde üstüne dogralan eti hem guýyp, mäkäm garýarlar. Gulaklar çorbadan süzülip, tabaklara guýlanda, et bilen garylan dürli düreşdeler hem onuň üstüne salynýar. Bişirilen kellebaşýak bolsa-ha, içi etli içegeleri-de kesişdirip, tabaklara guýýarlar. Ol sözmegulaga özüne özüne çekiji, işdä getirji ýakymly ys berýär. Süzmegulak taýýar. Indi «bismilla» diýip, desterhanyň daşyna aýlanşybermeli. Yzyndan hem gazanda galan çorbanyň üstüne her kes öz islegine görä, düýe çalyny goşup içýär. Ýöne bir zady bellemeli, gyryň köwreýik, titir ýaly zorly otlaryndan dokunan düýeleriň goýy çalyny ganynçaň içmekden saklanmaly.

Her naharda bolşy ýaly, iýip-içeniňden soňra gezelenç, hereket etmeli, ýatmaly däl. Saglyga zyýanly. Ýaşy gaýdyşan adamlar munyň deýin zorly tagamlardan doýa garyn doýmasalar ýagşy. Süzmegulagyň lezzeti, ýokumy onki süňňüňe ornaşyp, agzyň tebsiräp ugranda, mümkin bolsa, suwa ýanaman, ajy gök çaýa bil baglamaly.

Şahyr bu nahary hezil edip iýdi. Ol onuň saglygyna-da zeper etmedi. Meretguly aga gaýtmakçy bolanynda «Nesip bolsa, bu owkady öýümizde hem bişireris» diýip, onuň nahili bişirilýändigini ýandepderçesine belläp aldy. Dogrudanam, Meretguly aga aýdyşy ýaly edipdir. Gidenine köp bolsa, birki aý geçendir, şahyrdan şeýleräk mazmunly hat geldi: «Sag bol, inim! Hezzetlän üýtgeşik naharyňyzy bärde özümiz bişirip, hezil edip iýdik».

Ozalynda süzmegulak biziň çarwa durmuşymyzda bişirilýän tagamlaryň sanawyna girmeýän bolmaly. Bir gün Şagadamly daýzamyz öýümize görme-görşe gelipdi. Ejem pahyr et baryny gazana atmakçy bolanda, ol ör-gökden gelip:

  • Jan dogan, seniň asmakçy bolup oturan etleriňden üç nahar taýýarlasa boljak-diýip, gap böwre özi geçdi. Şeýdibem, biziň heniz iýip görmedik süzmegulagymyzy bişirip berdi. Haladyk. Soňra bu naharyň dabarasy bütin obamyza ýaýrady. Şunlukda, şaharyň halan nahary köp oba ilatynyň söýgili lezzetine öwrüldi.

Men her gezek kellebaşaýagyň çorbasyna bişen süzmegulakly supranyň başyna geçenimde, Meretguly aganyň gülümsiräp duran, nurana keşbi göz öňümde janlanýar. Onuň ruhana doga-dileg edip, ýagşy niýet bilen ýatlatýaryn.

Ýene-de okaň

14 möjek nähili 94 milliard dollarlyk bähbit emele getirdi?

Ata Watan Eserleri

“Durmuşda iň gymmatly zat näme?”

Tanamaýan birine sesli habar ýa-da tekst ýazmazdan öň nämäni göz öňünde tutmaly?

Ogluň kakasy bilen synagy

Ata Watan Eserleri

“Ýalan söýgä ynanyp, gezipdirin begenip”

“Bahylyň bagy gögermez, gögerse-de miwe bermez”

Ata Watan Eserleri