BIZNES

Suwuklandyrylan gazyň eksportynyň çägi giňeýär

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Lebap welaýatynda suwuklandyrylan gaz öndürmek boýunça müdirliginiň işi suwuklandyrylan gazyp önümçilik möçberlerini giňeltmeklige we ony eksport edijileriň sanawyny artdyrmaklyga gönükdirilendir.

Häzirki zaman desgalarda öndürilen bu gymmatly önüm üçin täze eksport ugurlary kesgitlenildi. Bu barada “turkmengaz.gov.tm” internet neşirinde habar berilýär.

Netijede, 2021-nji ýylda ýurdumyzyň gündogar sebitinden suwuklandyrylan gaz ibermeleri Özbegistana we Täjigistana amala aşyrylyp başlandy.

Şu ýylyň başy hem ýokary önümçilik görkezijilerine beslendi. Ýanwar aýynda müdirlik boýunça suwuklandyrylan gazyň 8,4 müň tonnasy öndürildi. Geçen ýylyň ýanwar aýynyň görkezijileri bilen deňeşdirilende, ösüş depgini 116%-e deň boldy.

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody üçin 5,4 müň tonna gaz kondensaty öndürilip, iberildi. Harytlyk önümleriň nobatdaky tapgyry goňşy Owganystana iberildi.

Belläp geçsek, Naýyp we Bagaja gaz ýataklarynda suwuklandyrylan gazyň eksport möçberleri 2020-nji ýylda 95 müň tonna deň boldy. 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende ösüş depgini 105%-e deň boldy.

 

Birža täzelikleri: owgan işewürleri suwuklandyrylan gazy satyn aldylar

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder