BILIM

Suw diplomatiýasy boýunça onlaýn okuw sapagy

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda  Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezinde möwsümleýin guralýan fakultatiw okuwlarynyň nobatdaky täze tapgyry geçirilýär.

Okuw merkezinde guralýan okuw sapaklaryna  ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň, ylmy-barlag we ýokary okuw mekdepleriniň hünärmenleri, şeýle-de halkara guramalarynyň wekilleri işjeň çekilýär.

30-njy oktýabrda  Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda  Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň  Halkara habarlary departamentiniň wekiliniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri bolan  “Suw diplomatiýasy” ugry boýunça “Suw diplomatiýasynyň halkara gatnaşyklaryndaky ornunyň ähmiýeti  we wajyp orny”   atly temada wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly  onlaýn  okuw sapagy geçirildi.

Oňa S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Türkmen oba hojalyk institutynyň  tejribeli mugallymlary we talyp ýaşlary şeýle hem, Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary  boýunça okuw merkeziniň “Suw diplomatiýasy” ugrunyň diňleýjileri gatnaşdylar.

Diňleýjilere ýurdumyzda suw diplomatiýasy boýunça amala aşyrylýan işleriň halkara ähmiýeti, Türkmenistanyň häzirki zaman halkara gatnaşyklarynyň belent talaplaryna jogap berýän täze mazmunly hem-de işjeň häsiýetli diplomatiýasynyň emele gelmegi we onuň bu ugurda  BMG bilen hyzmatdaşlygynyň möhüm orun eýelemegi, şeýle hem,  mähriban Prezidentimiziň daşary syýasatyny, suw meseleleri boýunça netijeli halkara hyzmatdaşlygyny alyp barmaga gönükdirilen başlangyçlarynyň  iş ýüzünde durmuşa geçirilişi  barada giňişleýin gürrüňler berildi.

Onlaýn okuwyň ahyrynda täsirli çykyş eden hormatly wekile institutyň talyplarynyň adyndan  minnetdarlyk bildirilip, ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlaryň bilim derejesini ýokarlandyrmak ugrunda uly tagallalary edýän mähriban Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, umumyadamzat ähmiýetli  işleriniň  elmydama rowaçlyklara beslenmegini  arzuw etdiler.

 

                                                                                                                           Gözel  Eminowa,

                                             Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

                                             Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara  

                                              žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.  

 

Wideo Habarlar Sahypamyz

Saýtymyzyň wideo habarlar sahypasy –geljekde iň işjeň sahypalaryň biri bolsa gerek. Häzirki döwürde bu sahypamyza birnäçe wideo rolik ýerleşdirilendir.

 

Ýene-de okaň

Halkara nebit we gaz uniwersiteti “THE Sustainability Impact Ratings 2026” dünýä reýtingine girizildi

Türkmen-türk gatnaşyklarynda bilimiň orny

“Hytaýyň ilçisiniň talyp haky” atly taslama boýunça ýeňijiler sylaglandy

Türkmenistan bilen Hytaý bilim boýunça täze ylalaşyklara gol çekişdi

“Türkmenistanda agroinnowasiýa” atly ylmy-amaly elektron žurnaly dörediler

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekilleri CDIO 2026 halkara maslahatyna gatnaşýar