SIZDEN GELENLER

Sürümde we bejergide ulanylýan iş gurallarynyň düzüminiň hilini ýokarlandyrmagyň usullary

Türkmenistanyň ýerli şertlerinde sürüm we bejergi işlerinde ulanylýan iş gurallarynyň materiallarynyň düzüminiň hilini ýokarlandyrmak, olaryň toýunsöw agyr toprak şertlerinde işleýändikleri sebäpli metalyň topraga galtaşýan böleginiň düzüminiň mehaniki häsiýetlerini ýokarlandyrmak, olaryň sürtülme durnuklylygyny, iýilmäge we çyglylyga durnuklylygyny ýokarlandyryp, işe ukyplylygyny we möhletini artdyrmak. Şu gün wajyp meseleleriň biri bolup durýar.

Türkmenistanyň şertlerinde sürüm we bejergi işlerinde ulanylýan iş gurallarynyň materiallarynyň düzümine emeli almazlaryň külke görnüşinde gyzdyryp-tutdurmak esasynda metalyň düzümine goşmak usullaryny nikel-hrom (Ni-Cr) ulgamynda metalyň täze düzümleriniň döredilmeginiň esaslaryny taýýarlamak esasy meseleleriň biri bolup durýar.

Sürüm we bejergi işlerinde ulanylýan öňki bar bolan gurallaryň durkuny üýtgetmek, täze tehnologiýalar arkaly metalyň düzüminiň hilini ýokarlandyrmak, olaryň sürtülmä, iýilmä we çyglylyga durnuklylygyny artdyrmaklyga üns bermek zerurlygy ýüze çykýar.

Türkmenistanyň toprak şertlerinde sürümde we bejergide ulanylýan iş gurallarynyň mehaniki häsiýetlerini ýokarlandyrmak üçin olaryň düzümine goşulýan legirleýji elementleriň mukdaryny kesgitlemek arkaly olaryň iş möhletini artdyrmak we daşary ýurtlardan satyn alynýan gurallaryň möçberini azaltmak hem-de önümçilige hödürlemek. Biziň bu ylmy işimizde çaýylyp alynan ýer demiriniň ulanylyşyny synagdan geçirmekligi makul bildik.

Çaýylyp alnan ýer demirini ulanyş synagyndan geçirmek.

Bu işde gaty ergin bilen çaýylyp dikeldilen ýer demiriniň synaglarynyň netijelerini seljereliň.

Ýer demiriniň iş üstüniň möhletinden öň iýilmesi onuň, konstruktiw görkezijilerini düýpgöter üýtgetýär, ol bolsa işlenýän topragyň hilini pese gaçyrýar, agregatyň dartyş güýjiniň garşylygyny ýokarlandyrýar we iýilen şaýlary çalyşmak üçin maşynlary işsiz duruzmaklyk ýaly birnäçe nogsanlyklary ýüze çykarýar.

Sürüm wagtynda topragyň täsiri ýer demriniň iş böleginiň gatlaklarynyň dargamagyna, ýagny topragyň sydyrgamasy, ýuka gatlaklaýyn plastiki deformirlemek, ownuk kesikler bilen dargatmak, ýylmamak usulynda metaly iýmek bularyň hemmesi abraziw iýilmäniň nazaryýetiniň kanunyna laýyk gelýär.

Çalt iýilýän detallary berkleşdirmegiň tehnologiýasynyň öňden-görüjilikli ugurlarynyň biri hem deformirlenen üsti bölekleýin zolak şekilde gaty ergini duga görnüşinde walik usulynda ýa-da nokatlaýyn çaýmak esasynda amala aşyrylýar, ol bolsa sürtülýän üstüň geometriki görkezijilerini üýtgedýär.

Topragyň dürlüliginiň özara baglanyşygy çaýylan üstüň we esasy metalyň bir galyba salmagyň şertlerine laýyklykda topragyň işeňňir gatlagynyň dykyzlanmagy we çekip süýndürmeklik dartgynlyklary,  abraziw bölejikleriň berkleşmek derejesiniň üýtgemekligine getirýär.

Topragy ýumşatmagyň derejesini ýokarlandyrmakda, ýokary tizlikde topragyň dykyz bolmagy, ýer demriniň iýilmäge durnukly örtüginiň üstünde döreýän işeňňir sürtülme zolagynyň özara täsiri esasynda onuň geometriki taýdan beýikli-pesli bolmagyna garamazdan topragyň gatlaklarynyň üst töwereklerini dargatmaklykda artykmaçlyklary döredýär. Dykyz topragyň typýan zolagy bilen detalyň iş üstüniň arasynda her hili ýagdaýda döreýän jemleýji sürtülme güýçleri topragyň bölejikleriniň we metalyň üst gatlaklarynyň arasynda täzeden paýlanýar.

Topragyň dykyzlygy, epin-epinligi sürtülme güýji has-da ýokarlandyrýar, ol bolsa ýer demriniň erňekleriniň toprak bilen galtaşýan böleginde jaýryklary, çat açmalary döredýär we olaryň ulalmagyna getirýär. Şeýlelikde toprak işleýän maşynlaryň detallarynyň taplanan üstleriniň çalt iýilmesini peseltmegiň tehnologiki meseleleriniň çözgütleriniň biri hem iýilmäge durnukly örtükler bilen çaýmaklyk aktual hasaplanýar. Ol bolsa ýörite materiallardan taýýarlanan elektrodlar bilen iýilen üsti gerekli galyňlykda çaýmakdan ybarat bolup az mukdarda elektrik dugasyndan peýdalanyp, esasy metalyň ýylylyk bölüp çykaryjylygyny azaldyp, onuň ereme derejesini  peseldip metalyň düzümindäki peýdaly elementlerini özünde saklamaklygy gazanmakdan ybaratdyr.

Esasy metalyň çaýylyp berkleşdirilen zolagynyň ölçegleri onuň çaýylan üstüň galyňlygy we sarp edilen energiýanyň dugasy bilen kesgitlenýär.

Uglerodly polatlary çaýmakda kebşirlemegiň gyzgynlyk bilen işlenen böleginde, metalyň çaýylyp berkleşdirilen zolagynyň ýokary gyzgyn faza öwrülişigine sezewar bolmagy, soňra bolsa çalt sowadylmagy taplamagyň hem gurluşyny özünde jemleýär. Metalyň çaýylyp berkleşdirilen zolagynyň gyzgynlyk derejesini 5000С çenli peseltmek taplanan metalyň içki dartgynlyklaryny peseldýär, ol bolsa berklik çägini ýokarlandyrýar.

Mysal üçin ýer demri taýýarlanýan polatlaryň şu aşakdaky kysymlarynda Л53, Л65 (1,6…0,66%С, 0,5%Mn we 0,28%Si) ýer demri taýýarlananda päkisi tarapyndan 20…45mm inine, 780…8200С-de taplanýar we çalt suwda sowadylýar, şeýlelikde gatylyk HRС 47-59-a çenli ýokarlanýar. Taplanandan soňra 3500С-de gowşadylýar we howada sowadylýar. Ýer demriniň taplanmadyk böleginiň gatylygy HRС 33-35-e deňdir.

Ýer demriniň detallarynyň iýilmäge durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin päkiniň arka tarapyndan iýilmäge durnukly “Сормайт-1” ergini bilen 1,2…1,7 mm galyňlykda çaýylýar ol bolsa gatylygy HRС 46-50-ä ýetirýär. Päkiniň göniçyzykly böleginde onuň inine 25…30mm, päkiniň burnunyň inine bolsa 55…65mm aralygyny çaýmaly.

Pluglaryň ýer demriniň ulanylandan soňky synaglarynyň netijeleri 

 

 

Synanylnan

detal

 

Iş üstüň

berkedilişiniň

görnüşleri

 

Detalyň

işlän döwri,

Detalyň güýçli depginde

iýilmesi

Iş üstüň inine

iýilmesi,     mm/

Agramy,

g/

Ýer demri ПЗЗ  ПЛЖ 31702 plugyň korpusy ПЛН-3-35 arka tarapyndan çaýylan Deformirlenen üsti bölekleýin zolak şekilde gaty ergini duga görnü-şinde walik usulynda ýa-da nokalaýyn çaýmak esasynda amala aşyrylýar  

 

 

17

 

 

 

 

1,2

 

 

 

 

86,2

 

 

Ýer demirlerini öndürýän kärhanalarda bu usul 40 ýyldan bäri ulanylýar we özüniň ornuny tapdy diýip hasaplanýardy, ýöne gynansak-da bu usul häzirki zaman tehnikalarynyň talaplaryny ödäp bilmeýär, sebäbi päki arka tarapyndan gyzdyrylyp çaýylanda  ýer demriniň ýüz tarapynyň gatylygynyň peselýändigi we çalt iýilýändigi ýüze çykaryldy.

Synagdan geçirilen çaýylyp alynan ýer demiriniň häzirki zaman tehnikalarynyň we tehnologiýalarynyň talaplaryny ödäp bilmeýänligine ylmy çeşmelere salgylanyp göz ýetirildi we häzirki zamanda giňden ulanylýan görnüşleri bolan ýokary berklikli çoýundan ýasalan hem-de polat ýer demriniň “Сормайт -1” elektrody bilen päkiniň arka tarapy çaýlan zawod tarapyndan öndürilýän ýer demriniň synagdan geçirilip, olaryň netijelerine seredip, ýerli şertlerde deňeşdirilip görmekligi makul bildik we olaryň netijeleri barada gelejekki ylmy makalalarymyzda beýan ederis.

Görogly Iljanow,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň

dosenti,

Aýyt Annaýew, uniwersitetiň mugallymy.

 

 

Himiýa ylmynyň täsinlikleri

 

 

Ýene-de okaň

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri

Döwrüň öçmez çyragy — söz ussady Pyragy

Ylymlaryň şasy – matematika