TEHNOLOGIÝA

Sürüjisiz ulaglar Hytaýyň ýollarynda

Häzirki wagtda bütin dünýäde awtonom ulag taslamalary üstünlikli amala aşyrylyp gelinýär. Bu babatda Hytaýyň kompaniýalarynyň biri bu ugurdaky taslamany üstünlikli durmuşa geçirmek üçin uly tagallalar etdi. “CNN International” habar gullugynyň habar bermegine görä, “AutoX” kompaniýasyna Şençen şäherinde synagdan geçiren şeýle ulaglarynda ýolagçy ulanmadylar.

Hytaýda ýerleşýän “Alibaba” elektron söwda platformasy tarapyndan goldanylýan kompaniýanyň beren beýanynda, “AutoX” kompaniýasy awtonom ulag taslamasyny ilkinji bolup üstünlikli durmuşa ornaşdyran kompaniýadygy bellenildi. “AutoX” kompaniýasy Hytaýyň Şençen şäherinde 25  sany ulagy ýolagçysyz doly özbaşdak ulgamyny synagdan geçirdi.

“AutoX” kompaniýasynyň baş direktory Szýan Sýao uzak möhletli gözleglerden soň, adam täsirini doly aýyrmak ukybyna ýetendiklerini buýsanç bilen belledi. Synaglary üstünlikli tamamlan kompaniýanyň ýolbaşçysy öz duýgusyny, “Bu arzuw” diýip jemledi. Şeýle hem Sýao bu ulaglar belli rugsatnamalary alandan soňra, şeýle ulaglar 2-3 ýyldan soň ulanyjylara elýeterli bolar diýip belledi.

 “AutoX” kompaniýasy hakda

“AutoX” kompaniýasy – adamlara ählumumy elýeterliligi üpjün etmek üçin sürüjisiz özbaşdak hereketlendirijili awtoulagy startapy. ABŞ-nyň öňdebaryjy bilim edaralarynyň biri bolan “Prinston” uniwersitetinde mugallymçylyk eden Sýao, bu kompaniýany 2016-njy ýylda esaslandyrdy.

 

Durmuş Sahypamyz

Gündelik durmuşa degişli habarlary biz Durmuş sahypamyza ýerleşdirýäris.

 

Ýene-de okaň

Dubaýda sürüjisiz taksiler synag tertibinde işläp başlady

Ata Watan Eserleri

Hytaýda ilkinji emeli aňly ýol gözegçisi işe girizdi

Belarus 2029-2030-njy ýyla çenli raýat uçaryny döretmegi meýilleşdirýär

BMG: dünýäde internet ulanyjylarynyň sany 6 milliarddan geçdi

Aşgabat-Astana: Merkezi Aziýada täze sanly ýollar dörediler

Awstraliýada 16 ýaşdan kiçi çagalar üçin jemgyýetçilik torlar gadagan edildi