DÜNÝÄ

Sues kanalynyň gündelik ýitgisi 15 million dollar

Mälim bolşy ýaly, Sues kanalynda gysylyp galan “Ever Given” ägirt uly konteýner gämisiniň ýetirýän gündelik zyýany 15 million dollara barabardyr. Bir hepdeden bäri bu gäminiň kanaldaky ýüzüşini dowam etdirmegi üçin degişli işler alnyp barylýar. Gämi kanaly beklänsoň, 350-den gowrak gämi kanaldan geçmäge garaşyp dur.

Ýekşenbe güni irden gäminiň aşagyndan 27000 kubmetr çäge çykaryldy; 18 metr çuňluga ýetildi. Şeýle-de bolsa, takmynan 20 müň konteýner alyp barýan gäminiň täzeden ýoluny dowam etdirmäge mümkinçilik bolmady.

Gämini dykylan ýerinden halas etmek we ony täzeden herekete getirmek üçin gämi tirkegleriniň sany 14-e ýetdi. 400 metr uzunlygyndaky gäminiň baş tarapynyň aşagynda gaýalygyň bardygy anyklandy. Şol gaýalyk gämini halas etmek işini kynlaşdyrýar.

Gämini halas etmek başartmasa, onda onuň ýüküniň azaldylmagy meýilleşdirilýär. Müsüriň Prezidenti Abdulfettah Sisi gäminiň ýüküniň düşürilmegi üçin taýýarlyk görmek barada tabşyryk berdi.

Kanalyň ýapyk galan her bir gününiň ýutgisi 14-15 million dollara barabardyr. Kanala gözegçilik edýän ýolbaşçylar gäminiň kenara gitmegine güýçli ýeliň täsir eden däldigini belläp, bu babatda seljermeleriň dowam edýändigini belledi.

Mälim bolşy ýaly, Su­es ka­na­ly­nyň gur­lu­şy­gy Fran­si­ýa­nyň ma­ýa go­ýum­la­ry­nyň ýar­da­my bi­len 1859-njy ýyl­da baş­lan­ýar. Ka­nal 1869-njy ýy­lyň 17-nji no­ýab­ryn­da res­mi taý­dan ulan­ma­ga be­ril­ýär. Uzak ýyl­la­ryň do­wa­myn­da Su­es ka­na­lyn­dan gel­ýän gir­de­ji­ler Müsüriň esa­sy gir­de­ji­le­ri bo­lup­dy. Gä­mi gat­na­wyn­dan, ne­bit­den we sy­ýa­hat­çy­lyk­dan gel­ýän gir­de­ji­ler Mü­sür yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň esa­sy sü­tü­nle­ri bo­lup dur­ýar.

Elwis Presliniň gitarasy satyldy

Ýene-de okaň

Millionlarça yzarlaýjysy bolan influenser Ýuji Beleza Türkmenistanyň çäresine gatnaşar

Dr.Döwran Orazgylyjov

Gazagystanda täze konstitusiýa boýunça sala-salyşlyk geçirilýär

Pekinde türkmen–hytaý maýa goýum forumynyň tanyşdyrylyşy geçirildi

Russiýanyň Daşary işler ministrligi türkmen ilçisine täze wezipesinde üstünlik arzuw etdi

Türkmenistan Halkara Deňiz Guramasynyň konwensiýalaryna goşular

Türkmenistan bilen Özbegistan migrasiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy