BIZNES

Şu ýyl Lebap welaýatynda 8 desganyň açylmagyna garaşylýar

Lebap welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça gurluşyk we senagat toplumy tarapyndan alnyp barylýan işleriň çäklerinde, Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, şu ýylda Lebap welaýaty boýunça binalaryň we desgalaryň 8-siniň açylmagy göz öňünde tutulýar. Bu binalary bellenilen möhletinde ýokary hilli gurup, ulanmaga bermek maksady bilen gurluşyk işleri ýokary depginde alnyp barylýar. Bu barada  Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde wise-premýer B.Annamämmedowyň hasabatynda bellenildi.

Ýurdumyzyň senagat we gurluşyk önümçiligi pudagyny has-da ösdürmek, daşary ýurtlardan getirilýän gurluşyk harytlarynyň ornuny tutýan önümleri öndürmek, daşary ýurtlara eksport edilýän önümleriň möçberini, görnüşlerini artdyrmak maksady bilen, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan degişli işler geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Döwletli etrabynyň Dostluk şäherinde bilelikdäki “Türkmengips” hojalyk jemgyýetiniň ýylda 250 müň tonna gury gurluşyk garyndylaryny we 20 million inedördül metr gipsokarton önümlerini öndürýän zawodynyň gurluşyk işleriniň ýokary depginde alnyp barylýandygy bellenildi.

Türkmenabat şäherindäki S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynyň düzüminde ýylda 350 müň tonna superfosfat, 100 müň tonna ammoniý sulfaty dökünlerini öndürýän toplumyň gurluşyk işleri dowam edýär. Köýtendag etrabynda ýerleşýän Garlyk kaliý dag-magdan toplumyny taslama kuwwatyna çykarmak boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Ýene-de okaň

Lebap welaýatynyň ykdysadyýeti 2026-njy ýylyň 3 aýynda ýokary ösüş depginini görkezdi

Farap etrabynda täze söwda bazary gurlar

«Şabat» türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezinde söwda dolanyşygy ýokarlanýar

Yslamabatda türkmen-pakistan işewürlik hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy

Türkmenistan Malaýziýada geçirilen “OTC Asia 2026” halkara maslahatyna gatnaşdy

Türkmenistan öz önümlerini «Kazan Halal Market» halkara ýarmarkasynda hödürlär