JEMGYÝET

Şu hepdäniň howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berýär. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde çap edilen habarda çap edilýär.

Şoňa görä:

Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ikinji ýarymynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Gündogardan tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 13 — 18 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -4…+1 gradusdan +3…+8 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +10…+15 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +5…+10 gradus maýyl bolar.

Ahal welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ikinji ýarymynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 6 — 11 metrden 10 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -1…-6 gradus sowukdan 0…+5 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +1…+6 gradusdan +9…+14 gradus aralygynda maýyl bolar.

Mary welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ikinji ýarymynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 5 — 10 metrden 10 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -2…-7 gradus sowukdan +1…+6 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +2…+7 gradusdan +10…+15 gradus aralygynda maýyl bolar.

Lebap welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ikinji ýarymynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -2…-7 gradus sowukdan 0…+5 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine 0…+5 gradusdan +11…+16 gradus aralygynda maýyl bolar.

Daşoguz welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başyndawe ikinji ýarymynda az-kem gar gatyşykly ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 6 — 11 metrden 10 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -5…-10 gradus sowukdan -4…+1 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine 0…-5 gradus sowukdan -1…+4 gradus aralygynda maýyl bolar.

Paýtagtymyz Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ikinji ýarymynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 10 metrden 10 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -2…-4 gradus sowukdan +1…+3 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +3…+5 gradusdan +9…+11 gradus aralygynda maýyl bolar.

Şu günler howanyň düzüminde ynsan saglygyna zyýan ýetirýän tozan bölejikleriniň kadadan artandygy sebäpli, agyz-burun örtüklerini ulanmak, 2 metr howpsuz araçägi saklamak maslahat berilýär!

 

Sport Sahypamyz

Ýaşlarymyzyň iň köp okaýan habarlarynyň arasyndan sport habarlary uly meşhurlyga eýedir. Ýaşlar bu sahypa Siziň üçin!

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Russiýanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Oraza aýy-2026 : Agyz beklenýän we açylýan wagtlar

Portugal tälimçi: “Arkadag” topary güýçli toparlaryň biridir

Mergen Orazow: Er-Riýaddaky jogap duşuşygyna çynlakaý taýýarlyk göreris

Ata Watan Eserleri

“Arkadag” – “Al-Nasr” duşuşygy geçirildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentini gutlady