JEMGYÝET

Şu gün – Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni

Mähriban halkym!

Hormatly medeniýet we sungat işgärleri!

Sizi «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ýurdumyzda şatlyk-şowhunly bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni durmuşynda taryhy özgerişlere beslenýän tutumly işler alnyp barylýar. Döwletli Diýarymyzda milli medeniýetimiz we sungatymyz ösüşiň täze belentliklerine göterilip, jemgyýetiň agzybirligini we bitewüligini berkitmäge, raýatlaryň watançylyk ruhuny belende götermäge uly ýardam berýär. Milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň has-da kämilleşmegi, döwrebap eserler bilen baýlaşmagy üçin döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär.

Mähriban Watanymyzda giňden bellenilýän şanly seneler, milli baýramçylyklar, geçirilýän halkara çäreler medeniýet ulgamynyň uly rowaçlyklara beslenýändigini subut edýär. Ýurdumyzyň medeniýet edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmek, teleradioýaýlymlaryň, gazet-žurnallaryň, medeni aň-bilim edaralarynyň işine sanly ulgamy ornaşdyrmak, kitaphanalaryň, muzeýleriň, teatrlaryň, medeniýet öýleriniň we beýleki medeni merkezleriň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak babatda giň gerimli tagallalar edilýär.

Ýurdumyzyň welaýatlarynda gurlan «Türkmeniň ak öýi» binalary ajaýyp zamanamyzyň döredijilik kuwwatyny artdyrmaga, ýaşlary milli watançylyk ruhunda terbiýelemäge ýardam berýär.

Eziz Watanymyzda halkymyza döwrebap medeni hyzmatlary hödürlemek, medeni-dynç alyş çärelerini ýokary derejede guramak, meşhur sungat ussatlarynyň joşgunly çykyşlaryny köpçülige ýetirmek ugrunda ähli şertler döredilýär. Munuň özi raýatlarymyzy il-ýurt bähbitli işlere ruhlandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.

Hormatly medeniýet we sungat işgärleri!

Her ýylyň 27-nji iýunynda ýurdumyzyň medeni durmuşynda şanly waka — Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni dabaraly bellenilýär. Bu goşa baýramyň bilelikde bellenilmeginiň özboluşly manysy bardyr. Magtymguly Pyragynyň belent daglardan şaglap gaýdýan boz bulaklar ýaly arassa duýgulara, arşy belentlige göterilen beýik pikirlere baý edebi mirasy çeper döredijilik bilen meşgullanýan medeniýet we sungat işgärleri, ýazyjy-şahyrlar, žurnalistler, suratkeşler, heýkeltaraşlar, bagşy-sazandalar, kompozitorlar, artistler üçin nusgalyk mekdepdir.

«Berkarar döwlet islärin» diýip, halkyň parahat durmuşyny, döwletiň berkararlygyny arzuwlan akyldar şahyryň döwletlilik hakyndaky arzuw-islegleri Gahryman Arkadagymyzyň ulus-ilimize serpaý beren döwletli döwranynda hasyl boldy.

Gündogaryň beýik akyldary we danasy Magtymguly Pyragy özüniň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary bilen ynsan kalbynda baky orun aldy. Dana Pyragynyň ynsanperwerligi, halallygy, agzybirligi ündeýän eserleri ähli adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Häzirki döwürde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly senesini giňden bellemäge döwletimiz tarapyndan uly taýýarlyk görülýär. Bu toý türkmen halkynyň akyldar şahyryna goýýan belent hormat-sarpasynyň, dünýä ýüzündäki abraý-mertebesiniň näderejede belentdiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüler.

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni has-da uly dabaralara beslenýär. Şu ýyl ýurdumyzda asylly däbe öwrülen Medeniýet hepdeliginiň Mary welaýatynda üstünlikli geçirilmegi ähli watandaşlarymyz üçin aýratyn buýsançly waka boldy. Medeniýet hepdeliginiň çäginde guralan medeni-köpçülikleýin çäreler raýatlarymyzy mähriban Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda belent maksatly beýik işlere ruhlandyrdy.

Hormatly adamlar!

Mähriban watandaşlar!

Berkarar döwletimizde durmuşyň ähli ugurlarynda gazanylýan uly üstünliklere medeniýet we sungat işgärleri hem mynasyp goşant goşýarlar. Olar bedew bady bilen beýik ösüşlere tarap okgunly öňe barýan ajaýyp zamanamyzyň belent ruhuny çeper wasp etmek, watandaşlarymyzy täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrmak ugrunda giň gerimli işleri alyp barýarlar.

Biz geljekde-de ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny kämilleşdirmek, döredijilik işgärlerini höweslendirmek, maddy taýdan goldamak we olar üçin amatly iş şertlerini döretmek ugrunda ähli zerur tagallalary ederis.

Hormatly adamlar!

Gadyrly medeniýet we sungat işgärleri!

Sizi Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, maşgala ojaklaryňyza abadançylyk, döredijilikli işleriňizde uly üstünlikleri we kalbyňyzyň hemişe joşgunly bolmagyny arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar Berdimuhamedow.

 

Özbegistanda prezidentiň ygtyýarlyk möhleti 7 ýyla uzadylar

Ýene-de okaň

Jemgyýetçilik ulaglarynyň Täze ýyl baýramy günlerindäki iş tertibi

Türkmenistanda 2025-nji ýylyň şygary yglan edildi

Türkmenistanyň Özbegistandaky Ilçihanasynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýy dabaraly açyldy

Magtymguly Pyragynyň saýlanan eserleriniň italýan dilindäki ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

Ata Watan Eserleri

Murat Boz: Türkmenistany öz Watanym ýaly görýärin

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda sebitde iň uly Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezi gurulýar