JEMGYÝET

Şu gün – Halkara Nowruz güni

Türkmenistanyň ähli halkyna
Bagtyýar halkym!
Eziz watandaşlar!

Sizi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda eziz Diýarymyzda şatlyk-şowhunly bellenilýän Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Milli bahar baýramy mynasybetli geçirilýän toý-baýramlaryň bagtyýar watandaşlarymyzy ata Watanymyzyň has-da gülläp ösmeginiň bähbidine belent maksatlara ruhlandyrjakdygyna, asyrlardan şu günlere gelip ýeten milli däp-dessurlarymyzy, edim-gylymlarymyzy, baý medeni mirasymyzy giňden wagyz etmekde möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn.
Merdana ata-babalarymyz ençeme asyrlaryň dowamynda halkymyzyň milli ruhuna we ýaşaýyş-durmuş ýörelgelerine mäkäm ornan milli baýramlaryny giňden belläpdirler. Milli bahar baýramynda halkymyzyň daýhançylyk, bagbançylyk, maldarçylyk, senetçilik bilen bagly däpleri berjaý edilipdir.
Dünýäniň birnäçe halklary bilen birlikde, türkmen halky hem gadymy döwürlerden bäri Nowruz baýramyny giňden belleýär. Gündogar halklarynyň durmuşynda täzelenişiň, ynsanperwerligiň, agzybirligiň we jebisligiň baýramyna öwrülen Nowruz baýramy dünýä ýüzünde giňden meşhurdyr. Nowruz baýramy bilen baglanyşykly ýerine ýetirilýän däp-dessurlar dünýä halklarynyň arasynda parahatçylyga, dost-doganlyga esaslanýan hoşniýetli gatnaşyklaryň binýadyny berkidýär. Ýaş nesilleriň kalbynda watançylyk, zähmetsöýerlik, ynsanperwerlik häsiýetlerini kemala getirmekde hem Nowruz baýramynyň terbiýeçilik ähmiýeti uludyr. Türkmen halkynyň medeni mirasynda, nusgawy edebiýatynda, halk döredijiliginde Milli bahar baýramy bilen bagly gymmatly maglumatlaryň bolmagy biziň üçin has-da buýsançlydyr.
Eziz watandaşlar!
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň çuňňur paýhasly eserlerinde merdana milletimiziň milli medeni mirasynyň, däp-dessurlarynyň, yrym-ynançlarynyň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklardygyny, şöhratly ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgelerine wepalylygy, söýgini kemala getirmekde, ýurdumyzyň özboluşly aýratynlyklaryny dünýä ýüzüne giňden tanatmakda halkymyzyň milli baýramlarynyň örän ähmiýetlidigini nygtaýar. Şu babatda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni biziň bagtyýar halkymyz üçin has-da ähmiýetlidir.
Mälim bolşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda her ýylyň 21-nji marty «Halkara Nowruz güni» diýlip yglan edildi. Nowruz baýramynyň däp-dessurlary ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Şoňa görä-de, Nowruz baýramynda berjaý edilýän däp-dessurlar dünýä halklaryny birek-birege ýakynlaşdyrmakda, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary kämilleşdirmekde aýratyn ähmiýete eýedir.
Mähriban halkym!
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bedew bady bilen ynamly öňe barýan mähriban Watanymyzyň beýik ösüşlerini, tutumly maksatlaryny barha rowaçlandyrýar, bagtyýar halkymyzyň abadan durmuşyny, ýurdumyzyň döredijilik kuwwatyny täze belentliklere göterýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ajaýyp bahar pasly keremli topragymyza rysgal-bereketli, ygally-ýagmyrly geldi. Döwletli Diýarymyzyň boz meýdanlary, dag-düzleri, owadan ýaýlalary, sahawatly Garagum sährasy ýaz paslynyň täsin gözelliklerine beslendi. Ynsan kalbyny ajaýyp duýgulardan, ýagşy niýetlerden doldurýan bahar paslynyň hoştap howaly günlerinde bellenilýän Nowruz baýramynyň şatlygy ýurdumyzyň bagtyýar raýatlaryny has-da joşdurýar. Milli bahar baýramy mynasybetli Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda geçirilýän baýramçylyk dabaralary agzybir halkymyzyň abadan we parahat durmuşynyň, berkarar döwletimiziň rowaçlygynyň, özgerişleriniň aýdyň subutnamasyna öwrülýär.
Mähriban halkym!
Eziz watandaşlar!

Sizi toý-baýramly ýaz paslynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, bagtyýar durmuş arzuw edýärin. Goý, Nowruz owazlary agzybirligiň, parahatçylygyň we gözelligiň mukamyna öwrülip, joşgunly kalplara ylham eçilsin!
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Ýene-de okaň

Emeli Intellekt: Magtymguly Pyragy Garward, Oksford, Kembrij derejesinde bilim alypdyr

Ata Watan Eserleri

BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili bilen duşuşyk

Ata Watan Eserleri

Duşenbe şäherinde türkmen-täjik syýasy geňeşmeler geçirildi

Türkmen kinosy Germaniýada görkezildi

Bosniýa we Gersegowina Türkmenistana täze ilçi belledi

Kenan Çoban: türkmen myhmansöýerligine minnetdarys