Eýranyň «Persiana Sports» we Özbegistanyň «Sport» teleýaýlymlary Dünýä çempionaty 2026-nyň saýlama tapgyryndaky Eýran – Türkmenistan futbol duşuşygyny ertirki gepleşikleriniň tertibine goşdular.
21-nji martda, ýagny Halkara Nowruz baýramçylygy güni Tähran şäherindäki «Azady» stadionynda geçiriljek duşuşygyň Aşgabat wagty bilen agşam sagat 21:00-da başlanjakdygyny ýatladýarys.
Bu teleýaýlymlaryň ikisi hem Türkmenistanda «IP-TV» hem-de «Älem TV» ulgamlarynda elýeterlidir.
Ýene-de birnäçe günden, ýagny 26-njy martda bolsa, paýtagtymyz Aşgabatda Türkmenistan bilen Eýranyň ýygyndylarynyň duşuşygy bolar.
