SPORT

Şu gün “Altyn pökgi” baýragy gowşurylar

Şu gün 2023-2024-nji möwsümiň iň güýçli futbolçysyna Fransiýanyň “France Football” žurnaly tarapyndan gowşurylýan “Altyn pökgi” baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçiriler. Şeýlelikde, 1956-njy ýyldan bäri gowşurylyp gelinýän baýrak, 68-nji gezek gowşurylar.

Bu dabara Parižiň “Şatle” teatrynda gije Aşgabat wagty bilen 23:15-de guralar. Diňe 2020-nji ýylda şol döwürdäki ýagdaýlar bilen baglanyşykly bu baýrak hiç kime gowşurylmandy.

“Altyn pökgi” baýragy “France Football” žurnalynyň ozalky baş redaktory Gabriel Ano tarapyndan döredildi. Ol ilkinji gezek 1956-njy ýylda Angliýanyň “Blekpul” toparynyň hüjümçisi Stenli Mettýuza gowşuryldy. Baýragyň ýeňijisi sport žurnalistleri tarapyndan kesgitlendi.

Bu baýraga iň köp argentin ýyldyzy Lionel Messi mynasyp boldy. Messi 8 gezek bu arzyly kubogy alan bolsa, onuň ýaşyl meýdançadaky esasy bäsdeşi Kristiano Ronaldo bolsa 5 gezek bu baýragyň eýesi boldy.

Üstümizdäki ýylda bu iki futbolçy “Altyn pökgi” baýragyna dalaşgär görkezilmedi.

2024-nji ýylda bu baýraga 30 futbolçy dalaşgär görkezildi. Olar – argentinaly Emiliano Martinez, Lautaro Martinez, ispaniýaly Niko Williams, Dani Olmo, Lamin Ýamal, Alehandro Grimaldo, Rodri, Daniel Karwahal, angliýaly Kol Palmer, Garri Keýn, Bukaýo Saka, Deklan Raýs, Fil Foden, Jude Bellingem, portugaliýaly Witinýa, Ruben Dias, nigeriýaly Ademola Lukman, ukrainaly Artem Duwbik, germaniýaly Mats Hummels, Florian Wirtz, Antonio Rudiger, Toni Kroos, türkiýeli Hakan Çalhanoglu, şweýsariýaly Granit Jaka, norwegiýaly Martin Odegard, Erling Holand, fransiýaly Uilýam Saliba, Kilian Mbappe, urugwaýly Federiko Walwerde, braziliýaly Winisius.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Kubogy ugrunda bäsleşik badalga aldy

Ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň birinjiliginiň senenamasy

Türkmenistanyň futbol çempionaty 4-nji aprelde badalga alar

Ata Watan Eserleri

Tramp Messi bilen duşuşdy: “Belki Peleden has gowusyň?”

Dünýä çempionatynyň açylyş dabarasynda Meksikanyň Prezidentine meksikaly gyzjagaz wekilçilik eder

Meşhur rus küştçisi Sergeý Karýakiniň Türkmenistanda küşt kluby açylar

Ata Watan Eserleri