JEMGYÝET

Şu gün täze okuw ýylynyň ilkinji jaňy ýaňlandy

Şu gün ýurdumyzyň bilim ojaklary ýaşlara gujak açdy. Mekdeplerde, ýokary okuw jaýlarynda täze okuw ýylynyň başlanýandygyny alamatlandyrýan ilkinji jaň ýaňlandy. Hormatly Prezidentimiziň tagallary bilen bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli bilim edaralarynda ir säher bilen guralan dabaraly çärelerde Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine ugradan baýramçylyk Gutlagy okaldy.

Häzirki wagtda Hormatly Prezidentimiziň döredýän mümkinçilikleri esasynda, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüş aýratynlyklaryna laýyklykda medeni-durmuş maksatly binalaryň hatarynda iň kämil tehnologiýalar bilen üpjün edilen çagalar baglarynyň, orta bilim berýän mekdepleriň, ýokary okuw jaýlarynynyň desgalary yzygiderli gurulýar. Şolaryň hatarynda  şu gün täze 2019-2020-nji okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli ýurdumyzda täze orta mekdepler we çagalar bagy  ulanylmaga berildi. Munuň özi ösen aň-düşünjeli, giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli, döredijilik ukyply, häzirki zaman ösen tehnologiýalaryndan baş çykarýan ýaşlary kemala getirmekde möhüm ahmiýeti bardyr.

Hormatly Prezidentimiz: “Çagalara aýratyn söýgi, aýratyn alada bilen garamak, olara özüniň iň gowy zatlaryny bagyş etmek türkmenleriň gadymdan gelýän däpleriniň biridir” diýip belleýär. Her täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen Mähriban Arkadagymyz mekdebe ilkinji gezek gadam basýan körpelere ýörite netbuk kompýuterlerini sowgat edýär. Çagalyk dünýäsini egsilmez şatlyga besleýän pursatlar körpelerde ýatdan çykmajak täsirleri döredýär. Şeýlelikde, körpeler uly yhlas hem-de bilesigeljilik bilen kämil enjamlar arkaly bilimler dünýäsine içgin aralaşýarlar.

Hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamynda döredýän giň mümkinçilikleri hyjuwly ýaşlary ylymlar dünýäsine çuňňur aralaşyp, ösüşlere beslenýän Watanymyzyň mynasyp adamy bolup ýetişdirmäge borçlandyrýar.

Her ýyl 1-nji sentýabr ähli maşgalalar üçin uludan-kiçä heýjanly we şatlykly geçýär. Çünki, güýzüň ilkinji gününi mekdebe ilkinji gezek gadam basýan körpejelere guwanýan ene-atalar, köňli bilime höwesek ýaşlar aýratyn garşylaýarlar. Eýsem, diňe olar däl, hat-da bu gün ähli ýaşdaky we islendik kärdäki ynsanlar “Eý mekdebim jana-jan, saňa bolan söýgüm kän” diýen goşguny aýdym edinip, bilim ojaklaryna uly höwes bilen gidendiklerini ýatlaýandyrlar.

Täze okuw ýyly – täze başlangyç.  Täze okuw ýylynda-da ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlara üstünlik we rowaçlyk arzuw edýäris!

 

Ýene-de okaň

Daşkent şäherinde “Magtymguly Pyragy” çeper filminiň premýerasy boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen kinoçylary Täze ýyl üçin täze filmler döredýär

Täze ýyl arçasyny bezemegiň düzgünlerini berjaý edeliň!

Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumy gurlar

Malaýziýanyň Premýer-ministri: Magtymgulynyň goşgulary malaý diline terjime edilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Malaýziýa gepleşikleri: möhüm resminamalara gol çekildi