SPORT

Sportda transfer täzelikleri…

“Barselona” topary öz hüjümçisi Osman Dembele bilen hoşlaşmak isleýändigini bildirdi.

“As” saýtynyñ habar bermegine görä, fransiýaly Dembele her möwsümde köp şikes alýandygy üçin “Barselona” topary tomusda satmak isleýändigini nygtady. Osman Dembele 2017-nji ýyldan bäri “Barselona” toparynda çykyş edip gelýär we toparyñ düzüminde köp duşuşykda oýnamady. Şeýle hem fransiýaly futbolçy toparyñ düzüminde tertip ýagdaýlaryny hem bozýar.

22 ýaşly Dembele “Barselona” toparynyñ düzüminde şu möwsümiñ dowamynda 9 oýun geçirdi we 1 gezek tapawutlandy.

***

Ispaniýanyñ “Malaga” futbol topary öz “Twitter” sahypasynda hüjümçi Bussefýan bilen 2022-nji ýyla çenli şertnama baglanyşandygyny belläp geçdi.

22 ýaşly asly marokkaly Bussefýan “Malaga” toparynyñ düzüminde 30 duşuşykda oýnap, 2 gezek tapawutlanmagy başardy.

***

Geçen ýylda Çempionlar ligasynda çempion bolan “Liwerpul” toparynyň Germaniýanyñ “Baýer” toparynyň hüjümçisi Leon Beýlini we “Borussiýa Mýunhengladbahdan” Denis Zakariany satyn almak isländigini “Daily Mirror” habar saýty habar berýär.

Tälimçi Ýurgen Klopp tomusda transfer penjiresi açylanda öz toparynyñ güýjüni has hem berkitmek isleýär. Şeýle hem “Liwerpul” topary Germaniýanyñ “Leýpsig” toparyndan Timo Werneri transfer etmek isleýändigini bildirdi.

Leona Beýliniň transfer bahasy 37 million ýewro, Denise Zakarianyň bahasy bolsa 45 million ýewro barabar bolar.

Ýene-de okaň

Winisius transfer rekordyny goýup biler

Tomas Bah Halkara Olimpiýa komitetiniň ýolbaşçysy wezipesinden gidýar

Türkmenistanyň futbol çempionaty 4-nji martda badalga alar

Gwardiola saud toparyndan gowy teklip aldy

Ata Watan Eserleri

Özbegistan, Täjigistan we Gyrgyzystan Aziýanyň Kubogyny geçirmek üçin hödürnama berdiler

Ata Watan Eserleri

Yslam raýdaşlyk oýunlary Er-Riýadda geçiriler