Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmak, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we ýokary netijeli sporty wagyz etmek, Türkmenistany halkara derejesindäki iri sport döwleti hökmünde berkarar etmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Munuň şeýledigini «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» ady bilen sportuň dürli görnüşleri boýunça geçirilýän ýaryşlar hem tassyklaýar.
Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur oýlanyşykly durmuş ugurly syýasaty netijesinde bu günki gün sagdynlygyň we ruhubelentligiň mynasyp ykrar edilen ýeri — Türkmenistanda bedenterbiýä we sporta eýerýänleriň sany barha artýar. Bu hakda gürrüň edilende, ilkinji nobatda, ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň, beýleki ugurdaş maksatnamalaryň durmuşa geçirilýändigini, lukmançylyk we sport desgalary bilen birlikde, degişli düzümleri kemala getirmek boýunça iri taslamalaryň amala aşyrylýandygyny bellemelidiris. Şoňa görä-de, Aşgabatda we sebitlerde sporty ösdürmäge uly üns berilýär hem-de munuň üçin ähli zerur şertler döredildi.
Döwrebap enjamlaşdyrylan sport zallarynyň we meýdançalarynyň, suwda ýüzülýän howuzlaryň orta we ýokary okuw mekdeplerinde okaýanlaryň, mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralarynda terbiýelenýänleriň hyzmatyndadygyny nygtamak gerek. Netijede, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hem-de sport hereketi Türkmenistanda giň gerime we uzak möhletleýin umumymilli maksatnama häsiýetine eýe boldy. Ýokary görkezijili sportuň ösüşi hem bu gün täze badalga aldy.
«Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» ady bilen sportuň dürli görnüşleri boýunça geçirilýän ýaryşlar orta mekdepleriň okuwçylaryndan başlap, talyp ýaşlara, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda zähmet çekýän raýatlara çenli ählisini gurşap alyp, bu çäre ýurdumyzyň dürli ýaşdaky raýatlarynyň sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, sport-bedenterbiýe hereketine örän işjeňlik bilen gatnaşýandygy görkezýär.
Mundan başga-da, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda sportuň 23 görnüşi boýunça Uniwersiada oýunlary hem geçirilýär.
Ajaýyp zamanada sport bilen meşgullanmak üçin uly mümkinçilikler bar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde hereket edýän bedenterbiýe we sagaldyş toplumlarynda, beýleki sport desgalarynda her bir adamyň özüni beden taýdan taplamagy üçin ähli şertler üpjün edilen. Aýratynam, sport mekdepleri ösüp gelýän ýaş nesillerimizi beden we ruhy taýdan terbiýelemekde, olarda maksada okgunlylygy kemala getirmekde uly hyzmaty bitirýär. Bu bolsa sagdyn durmuş ýörelgesini rowaçlandyryp, sport äleminde gazanyljak üstünlikleriň berk binýadyny üpjün edýär.
Mekan Gaýybow,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.