TEHNOLOGIÝA

Sowgatly Krossword bäsleşigi yglan ediler

Ýadyňyzda bolsa  ýakynda “Sowgatly Atavatan Krossword” bäsleşigini geçiripdik. Şonda online krosswordyň dogry jogaplaryny ilkinji bolup doly we dogry bilen 5 agzamyza pul baýraklaryny beripdik. Ýakynda şeýle bäsleşigiň nobatdaky tapgyryny geçirýäris. Bäsleşigiň şertleri we soraglary baradaky habarymyzy ýakynda Size ýetireris. Online tertipde boljak Krossword bäsleşigimizi 22.07.2021 senesinde geçirmegi meýilleşdirýäris.

Bäsleşige agza bolmak üçin

Sowgatly Krossword bäsleşikleriniň hemaýätkari Türkmen we Iňlis dillerinde gepleýän, ilkinji sesli Akylly sözlük-Makul Sözlük Applikasiýasy bolup durýar. (www.makulsozluk.com   Applikasiýasyny ýükläp almak üçin şu ýere basyň)

Makul Sözlük Applikasiýasy Bäsleşikde   jemi 10 baýrak goýýar. Her bir baýragyň möçberi  100 manat. Ýeňiji diňe 40 soragyň ählisini dogry çözen ilkinji 10 agza bolar! Şol sebäpli  ähli soraglary ilkinji bolup dogry çözüň we baýragy utuň!

Hormatly Agzamyz,

Intellektual sahypamyzdaky Atavatan Krossword  her gün täzelenýär we hergün 15 soragy Size berýär. Online görnüşdäki bu Krosswordy online çözüň, wagtyňyzy gyzykly we peýdaly geçiriň!

Şu linkdäki 15 sorag sowgatly bäsleşik üçin berilýän soraglar däldir. Emma, sowgatly bäsleşikdäki beriljek 40 soragyň ählisi,  şeýle hem her gün täzelenýän krosswordymyzdaky soraglaryň ählisi  biziň sorag bazamyzdaky jemi 2000 sany soragyň arasyndan awtomatik usulda saýlanýar.

Biz “Sowgatly Atavatan Krossword” bäsleşigini geljekde-de yzygiderli geçirip durmagy meýilleşdirýäris. Şol sebäpli “Atavatan Krossword” sahypamyza gündelik giriň we hem wagtyňyzy peýdaly we gyzykly geçiriň, şeýle hem geljekdäki sowgatly Krossword bäsleşiklerde ýeňiş gazanyň!

Ýaryşlardan we ýeňijiniň kim bolanlyny ilkinji bolup habarly bolmak üçin  Applikasiýamyzy şu ýere basyp ýükläp alyň!

Türkmen dilindäki ilkinji online krossword sahypasy bolan Atavatan Krossword  sahypasy,  çagalar üçin ýörite çekilen suratlary  parçajyklardan düzmek mümkinçiligi berýän   Makul Puzzle, durmuşda iň köp ulanylýan 700 sözlemi Türkmen we Iňlis dilinde ýazmaça we sesli görnüşde berilýän Makul Sözlem, her gün täzelenýän we 15 sany Türkmençe sözi berýän we Iňlis dilindäki jogabyny tapmaga mümkinçilik döredýän  Makul Krossword, ýokaryda agzalan 700 sözlemiň nähilli düzülýändigini oýun arkaly öwrenmäge mümkinçilik berýän Sözlemli Oýun, çagalar üçin 375 sany suratdan ybarat  sözleri Iňlis we Türkmen dillerinde sesli we ýazmaça berýän, şeýle hem bu sözleri sözlemler içinde ulanyp görkezýän Suratly Sözlük,  ýokaryda agzalan 375 sözi Iňlis dilinde oýnyň üsti bilen özleşdirmäge mümkinçilik berýän  Oýunly Sözlük,  kompýuteriňize ýörite programmany ýüklän ýagdaýyňyzda  Siziň bilmeýän sözleriňizi size awtomatiki usulda getirip berýän Makul Sözlük Extension we  Iňlis dilinde söz tapmaga mümkinçilik berýän Makul Sözi Tap kiçi bölümleri biziň Intellektual kiçi sahypasynda öz ornuny tapýar.

Makul Sözlük şeýle hem, her birini mysallar bilen düşündirýän Phrasal verbs, Irregular verbs, Prefiksler, Suffiksler we Idiomalar ýaly kiçi bölümleri özünde jemleýär. Bu kiçi bölümler Siziň Iňlis dilini has aňsat öwrenmegiňize kömek eder.

Siz bu bölümleriň her birini şol bölümiň ady ýazylýan ýere basyp girip görüp bilersiňiz. Bu bölümleriň her biri hem gyzykly hem-de peýdaly bolmak ýaly aýratynlyklary bilen üns çekýär.

Atavatan Applikasiýasy täzelendi: Intellektual sahypamyz goşuldy

 

Idiomalar: Diller dünýäsiniň ajaýyp bir bölegi

Ýene-de okaň

Öýler üçin ýokary tizlikli AŞTU internet hyzmaty

Gazagystanda emeli intellekti ösdürmek boýunça geňeş dörediler

Daşoguz şäherinde «Kamaz» okuw-hyzmat ediş merkezi açyldy

Oksford sözlügi 2024-nji ýylyň sözüni yglan etdi

Türkmenistanda Eýranyň aragatnaşyk ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

USAID-iň YDA taslamasy “TechYouth Bootcamp” maksatnamasynyň çäklerinde hyzmatdaşlyga çagyrýar

Ata Watan Eserleri