SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Sitrus miweleriniň myşsalara peýdasy

Gündogar Angliýa uniwersiteti tarapyndan geçirilen gözlegler sitrus miwelerinde we gök önümlerinde köp duş gelýän C witaminine baý önümleri iýýän garrylaryň skelet myşsa massasynyň has gowudygyny ýüze çykardy.

C witaminiň garrylyk döwründe myşsa massasyny saklamaga kömek edýändigi habar berildi. Gözlegiň çäginde 48 ýaşdan 82 ýaş aralygyndaky 13 müň adam gatnaşdy.

Bu adamlaryň bir hepdäniň dowamynda iýýän iýmitlerinde C witaminiň mukdaryny ölçän hünärmenler olaryň myşsa massasyny hasapladylar. C witamini köp iýmek myşsa massasyny durnukly saklamaga kömek edýär.

Gözlegiň ýolbaşçysy professor Ailsa Welç adamlaryň garramagy bilen skelet myşsa massasyny ýitirýändigine ünsi çekdi: “50 ýaşdan uly adamlar her ýyl skelet myşsa massasynyň 1 göterimini ýitirýärler. Bu bolsa daýanç-hereketleri haýýalladyp bilýär” diýip belläp geçdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler

Alanýa sizi ultra trail halkara marafona çagyrýar

«ITB BERLIN – 2026» halkara sergisinde Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Daşary ýurt awiakompaniýalary Türkmenistanyň üsti bilen üstaşyr gatnawlary artdyrýarlar