BILIM

Serhet Instituty okuwa kabul edýär :2022/2023-nji okuw ýyly

Türkmenistanyň Serhet Institutyna 2022/2023-nji okuw ýyly üçin okuwa kabul etmegiň Tertibi çap edildi. “Nesil” gazetindäki bildirişe görä,  Serhet institutyna dalaşgärleri seçip almak we resminamalary kabul etmek işleri  2022-nji ýylyň 20-nji martyna  çenli geçirilýär. Biz www.atavatan-turkmenistan.com saýtyna 2022/2023-nji okuw ýyly üçin  ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdepleriniň okuwa kabul etmegiň Tertibi baradaky habarlary yzygiderli ýerleşdirip durarys.

 

Türkmenistanyň Serhet

institutyna 2022/2023-nji

okuw ýyly üçin okuwa

kabul etmegiň

TER T I B I

  1. Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Serhet institutyna okuwa girmäge isleg bildirýän dalaşgärleriň resminamalarynyň kabul edilip başlanandygyny habar berýäris.

Okuwa öwrenilýän dalaşgärleriň ýaş derejeleri şu aşakda görkezilen tertibe laýyklykda kesgitlenilýär:

— orta bilimli, çagyryş boýunça harby gullugy geçen, harby gulluga meýletin ýagdaýda

girmäge isleg bildirip arza ýazan raýatlaryň

24 ýaşy dolýança;

— Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerini tamamlan raýatlar, çagyryş boýunça harby gullugy geçmezden 25 ýaşy dolýança;

— borçnama boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylaryň 25 ýaşy dolýança.

Dalaşgärleriň ýaş derejeleri 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabryna çenli hasaplanylýar.

  1. Serhet institutynda okuwyň möhleti 5 okuw ýyly. Okuw döwründe institutyň harby talyplary doly döwlet üpjünçiliginde bolup, olar iýmit, harby eginbaş, talyp haklary we umumyýaşaýyş jaýy (ýatakhana) bilen üpjün edilýär.

Serhet institutyna dalaşgärleri seçip almak we resminamalaryny kabul etmek işleri

2022-nji ýylyň 20-nji martyna çenli geçirilýär.

  1. Instituta dalaşgärler şu aşakda görkezilen resminamalary doly we anyk taýýarlamaly:

— dalaşgäriň Serhet institutynyň rektorynyň adyna ýazan arzasy (habarnamasy). Arzada (habarnamada) dalaşgäriň familiýasy, ady,

atasynyň ady, doglan senesi we ýeri, bilimi,

okan (okaýan) ýeri, gulluk edýän, işleýän ýeri we wezipesi, harby ady, hemişelik ýaşaýan

ýeriniň salgysy, okuwa kabul edilmegi barada

haýyşy, ýurduň islendik künjeginde gulluk etjekdigi barada görkezilmeli;

— şahsy maglumaty we terjimehaly;

— ýaşaýan ýeri we maşgala agzalary barada güwänama;

— ata-enesiniň işleýän ýerinden berlen güwänama (eger işlemeýän bolsalar, işlemeýändigi barada güwänama);

— eger dalaşgäriň ejesi ýa-da kakasy aradançykan bolsa, onda ölüm hakyndaky şahadatnamasynyň ýa-da aýrylyşan bolsalar RÝNÝ bölümi tarapyndan berlen resminamanyň nusgasy;

— dalaşgäriň soňky okan, işlän ýa-da gulluk eden ýerinden häsiýetnamanyň asyl nusgasy;

— Serhet institutyn­da okamaga ýaramlydygy barada saglyk güwänamasy;

— pasportynyň göçürmesi (eger-de dalaşgärraýatlyk pasportyny almadyk bolsa, Içeri işler

bölüminden pasportyň resmileşdirilmändigi barada güwänama);

— harby şahadatnamasynyň göçürmesi;

— eger işleýän bolsa edaranyň işgärler bölümi tarapyndan gol we möhür bilen tassyklanan zähmet depderçesiniň göçürmesi;

— orta bilim, başlangyç hünär ýa-da orta hünär bilim barada resminamanyň asyl nusgasy;

— 1 sany 9×12 ölçegde, 9 sany 3×4 ölçegde başgapsyz düşülen fotosuratlary. Çagyryş ýada borçnama boýunça harby gullugy geçýän  dalaşgärler fotosurata harby lybasda düşmeli.

Dalaşgärler nädogry beren maglumatlary we resmi iş kagyzlary üçin şahsy jogapkärçilik çekýär.

Raýat dalaşgärler giriş synaglaryny tabşyrmaga gelenlerinde öz ýanlary bilen pasportyny,

eger çagyryş boýunça harby gullugy geçen bolsalar, pasporty bilen bilelikde harby şahadatnamasyny, çagyryş we borçnama boýunça harby

gullukçylar harby şahadatnamasyny getirmeli.

  1. Serhet institutyna okamaga isleg bildiren dalaşgärler bilen Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda türkmen dili, Türkmenistanyň taryhy, matematika boýunça giriş synaglary hem-de beden taýýarlygy (kadalary ýerine ýetirmek) boýunça synaglar kabul edilýär. Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde geçirilýär.
  2. Serhet institutyna okuwa isleg bildirenler resminamalaryny tabşyrmak üçin ýaşaýan ýerlerine golaý Türkmenistanyň Döwlet serhet

gullugyna degişli bolan harby bölümlere ýüz tutmaly.

  1. Dalaşgärler Serhet institutyna giriş synaglarynyň netijesi boýunça bäsleşik esasynda, Seçip alyş iş toparynyň geňeşiniň çözgüdine

laýyklykda okuwa kabul edilýär.

Türkmenistanyň Serhet institutynyň salgysy:

Aşgabat ş., Saparmyrat Türkmenbaşy

şaýolunyň 175-nji jaýy;

tel.: 40-49-60, 40-49-61,

40-49-26.

Ýene-de okaň

Hytaý Merkezi Aziýa döwletleriniň ýaşlaryna talyp haky hödürleýär

«Ýaş robototehnikaçy» atly bäsleşigiň jemleri jemlendi

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda geçirilen III Halkara himiýa olimpiadasynyň netijeleri yglan edildi

Halkara gatnaşyklary institutyna hytaý dilindäki kitaplar sowgat berildi

Türkmenistan-Hytaý: ylym ulgamynda birnäçe ylalaşyklar gazanyldy

III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumy geçirilýär