JEMGYÝET

Serdar Rahimow dzýudo boýunça Ýewropanyň açyk çempionatynda kümüş medal gazandy

Şu günler Polşanyň paýtagty Warşowa şäherinde dzýudo boýunça Ýewropanyň açyk çempionaty geçirilýär. Oňa Türkmenistanyň dzýudo ýygyndysy hem gatnaşýar.

Bu halkara ýaryşa dünýäniň 39 döwletinden 464 türgen gatnaşýar. Türkmenistandan, Ukrianadan, Gazagystandan, Azerbaýjandan, Gruziýadan we beýleki ýurtlardan güýçli türgenler gatnaşyp, baýrakly orunlar üçin bäsleşýärler.

Türkmenistandan gatnaşýan Serdar Rahimow erkekleriň arasynda 66 kg agramda çykyş edip, kümüş medalyň eýesi boldy. Ol bu iri sport ýaryşynyň ýarym finalynda beýik britaniýaly Hall Samueli ýeňip, finala çykdy. Finaldaky bäsdeşi Ukrainadan Nikita Goloborodka boldy.

66 kg agramdaky bäsleşikde Türkmenistandan Serdar Rahimow kümüş medal gazandy, birinji orny bolsa, Ukrainadan Nikita Goloborodka eýeledi.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň düýudo ýygyndysy 1 altyn we 1 kümüş medal gazanyp, medallaryň sanawynda Fransiýa we Italiýadan soňra 3-nji orunda barýar.

Ýene-de okaň

Kristofer Wizda: “Makul Iňlisçe-Türkmençe” gollanma seýrek duş gelýän gymmatlyk

Owganystanyň başlangyjy bilen ilkinji “Owganystan–Merkezi Aziýa” konsultatiw dialogy ýola goýuldy

Ata Watan Eserleri

Milli Liderimiz Arkadag şäherindäki 30 müň orunlyk metjidiň gurluşygy bilen tanyşdy

Ata Watan Eserleri

«Jahan» döredijilik merkezi «Jahan» döredijilik we sport merkezi diýip atlandyrylar

Hytaýyň tejribeli lukmanlary Türkmenistana sapar bilen geler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti tebigy gazyň eksport möçberini artdyrmagy tabşyrdy

Ata Watan Eserleri