JEMGYÝET

Serdar Berdimuhamedow: Hazarýaka döwletleriniň işewürler geňeşini döretmegi teklip etdi

Aşgabatda geçirilýän Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň VI sammitinde çykyş eden Türkmenistanyň Prezidenti Hazar sebitinde dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk etmegiň ugurlaryny kesgitledi.

Hazar sebitinde söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk we medeni-ynsanperwer ugurlarynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň ähmiýetini belläp, hususan-da ykdysady ugra has uly ähmiýet berilmelidigini belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegi üçin döredilen Hazar Ykdysady forumynyň ähmiýetini belläp, şeýle forumyň ilkinjisiniň Türkmenistanda geçirilendigini belledi.

Türkmen Lideri, Hazarýaka ýurtlaryň hususy pudagynyň wekilleriniň arasynda gatnaşyklary ösdürmegiň wajyp bolup durýandygyny belläp, bu babatda Hazarýaka döwletleriniň işewürler geňeşini döretmegi teklip etdi.

Mundan başga-da, Türkmen Lideri ynsanperwer ugurly gatnaşyklara ähmiýet bermegiň zerurdygyny belläp, Hazarýaka ýurtlarynyň arasynda medeniýet ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň resminamasynyň taýýarlanmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti syýahatçylyk we Hazarda gämili syýahatçylyk ugurlarynyň ösdürilmeginiň ähmiýetli boljakdygyny belledi.

 

Wladimir Putin: Hazar sammiti ähli gatnaşyjy ýurtlaryň bähbidine

 

Ýene-de okaň

Aşgabatda gender deňligi boýunça parlamentara dialogy geçirildi

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda ilkinji gezek Türkmenistan–ÝB işewürler forumy geçirildi

Sadyr Žaparow: gyrgyz-türkmen gatnaşyklary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar

Türkmenistanda gowaça ekişine badalga berildi

Putin: Russiýa Türkmenistan bilen strategik hyzmatdaşlygy ösdürer

Ugandanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Aşgabada sapary