Türkmen halkynyň çeperçilik medeniýetiniň kökleri özüniň gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Häzirki döwürde türkmen sekillendiriş sungaty pajarlap ösýär we türkmen halkynyň ruhy dünýägaraýşynyň esasy çeşmeleriniň biri bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmekde ägirt uly işler amala aşyrylýar. Bilim ulgamynyň ilkinji basgançagy bolan mekdebe çenli çagalar edaralarynda körpelere berilýän bilimiň we terbiýäniň hilini mundan beýläk hem ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. Çagalar baglarynda şekillendiriş sungaty boýunça gyzyklanma çäreleri, körpeleriň daş töweregi gurşap alýan hadysalara düşünmek ukyplarynyň ösmegine ýardam edýär.
Şekillendiriş işleri islendik akyl ýetirme işi ýaly, çaganyň akyl terbiýesi üçin uly ähmiýete eýedir. Şekillendiriş işleri çagalarda ünsi, synçylygy ösdürýär. Bir zadyň suratyny çekmek, şekilini ýasamak üçin, ilki onuň bilen tanyşmaly, onuň daş görnüşini, ululygyny, gurluşyny, bölekleriň ýerleşişini, reňkini öwrenmeli, ýatda saklamaly.
Ýaş nesli milli ruhda terbiýelemek, olarda geçmişimize we milliligimize söýgi we buýsanç duýgularyny oýarmak asylly ýörelgedir. Bu ugurda halkymyzyň döreden edebi mirasyndan, milli gymmatlyklaryndan peýdalanmak örän täsirlidir. Umumybilim berýän orta mekdeplerde şekillendiriş sungaty dersiniň okadylmagy aýratyn ähmiýete eýedir. Meselem, şekillendiriş sungaty sapaklarynyň üsti bilen okuwçylar daş-töweregimizi gurşap alan tebigata we sungat eserlerine ahlak-estetiki taýdan baha berip, görýän zatlarynyň şekillerini çekip bilmegi başarmalydyr. Olar reňkleri saýlamagyň, şekillere dogry reňk bermegiň hötdesinden gelmelidirler. Toparlaýyn işler, bütin synp bolup bir işi ýerine ýetirmek dostlugy, agzybirligi kemala getirýär. Ýoldaşlaryň öňünde jogapkärçiligi duýmagy öwredýär. Şu hili işler synp otagyny we beýleki mekdep otaglaryny bezemekde, baýramçylyk bezeglerinde giňden ulanylýar.
Şekillendiriş sungaty durmuş bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şondan ugur alyp, okuwçylary sungat älemine aralaşdyrmagyň maksatnamasy tematik äheňde düzülýär. Şeýle çemeleşmek okuw ýylynyň, çärýekleriň temalaryny biri-birleri bilen baglanyşykly geçmäge ýardam edýär. Çärýekleriň tematik taýdan biri-biri bilen berk baglanyşygy, bitewüligi okuwçylaryň sungat älemine duýguly aralaşmagyna we çeperçilik bilimlerini, başarnyklaryny hem-de endiklerini kämilleşdirmäge mümkinçilik berýär. Şeýle bilimler, başarnyklar we endikler zatlaryň deňeşdirme gatnaşyklaryny hem-de daş görnüşini, giňişlikdäki ýagdaýyny, olara ýagtylygyň, kölegäniň düşüşini, reňkini, göwrümini, nämeden edilendigini, özara sazlaşygyny — kompozisiýasyny şekilde berip bilmeklerine kömek edýär.
Şekillendiriş sungaty dersinde okuwçylarda erjelligi, ukyplylygy we synçylygy terbiýelemek mugallymlaryň esasy wezipesi bolup durýar. Şoňa görä-de mugallym her bir guraýan sapagynyň täsirli we döredijilikli bolmagy üçin ýadawsyz zähmet çekmelidir. Onuň her bir sapagyna okuwçylar sabyrsyzlyk bilen garaşar ýaly täsirli bolmaly. Munuň üçin çagalarda sungata bolan söýgi döretmeli, ösdürmeli we kämilleşdirmeli. Sapaklarda amaly-haşam we şekillendiriş sungaty barada gyzykly, täsirli rowaýatlardan, maglumatlardan, makalalardan, bolan wakalardan, atalar sözlerinden we goşgulardan, hekaýalardan hem peýdalanyp bolar.
Türkmenistanyň medeni gymmatlyklary dünýäniň köpsanly alymlaryny, jahankeşdelerini we ýerli hünärmenleri hemişe özüne çekip gelipdir. Şoňa görä-de, türkmen halkynyň şekillendiriş sungaty barada ylmy işler we seljermeler geçirilipdir, Türkmenistanyň şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň käbir meselelerini özünde jemleýän monografiýalar we kataloglar taýýarlanylypdyr.
Sungaty öwrenijiler bolsa türkmen milli sungatymyzyň baý hazynasyna giren eserleri bilen halkyň hakydasynda häzirki güne çenli saklanyp galmagy başaran şahsyýetleriň döredijiligini ylmy taýdan öwrenip, öz makalalarynda, kitaplarynda beýan edip, halk köpçüligine ýetiripdirler. Hususan-da, türkmen tebigatynyň gözelliklerini, bereketli topragymyzda bitýän ösümlikleri we oba hojalyk ekinlerini şöhlelendirýän sungat eserleri täsirliligi bilen tapawutlanypdyr.
Türkmen şekillendiriş sungatyna, nazaryýetine saldamly goşant goşan P.Popow, N.Dowodow, N.Hojamuhammedow halkymyzyň hakydasynda ebedilik galýan täsirli eserleri döreden zehinli hem zähmetsöýer medeniýet we sungat işgärleridir. P.Popowyň sungaty öwrenijilik mirasynyň dürli halklaryň medeniýetini, aýratyn hem türkmen sungatyny öwrenmekde ilkinji ylmy çeşme hökmünde hyzmat edýändigini bellemek has-da ýakymly. Bu ussatlaryň döredijiligi özüne mahsus aýratynlyklary bilen şu güne çenli gaýtalanmajak, deňi-taýy bolmadyk eserler bolmagynda galýar. Çünki şekillendiriş sungaty biziň her birimizde sungata, millilige, ata Watana, ene topraga bolan söýgini goşalandyrýar.
Begenç Allaberdiýew,
Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň
Zähmet, aýdym-saz, şekillendiriş sungaty we bedenterbiýe
Usuly birleşmesiniň şekillendiriş sungaty mugallymy.