SPORT

Saud toparyndan Messä uly maliýe teklibi

Saud Arabystanynyň topary Lionel Messi üçin uly maliýe teklibini hödürledi. Sport neşirleriniň habar bermegine görä, Saud Arabystanynyň “Al-Ittihad” topary Fransiýanyň “PSŽ” toparynyň argentin ýyldyzy Lionel Messi bilen gyzyklanýar.

Argentin futbolçy üçin ýyllyk 90 million ýewrolyk aýlyk haky teklip edildi. Futbolçynyň häzirki wagtda çykyş edýän PAriž topary bilen bolan şertnamasy şu möwsümiň ahyrynda tamamlanýar. Şonuň üçin saud topary bu futbolçyny erkin futbolçy hökmünde düzümine goşmak isleýär.

Mundan ozla habar berleşine görä, Messiniň “PSŽ” toparynda zähmet hakynyň azaldylmagyna garşy çykandygy bellenilýär.

Messiniň “PSŽ” topary bilen Germaniýanyň “Bawariýa” toparynyň arasyndaky Çempionlar ligasyndaky jogap duşuşygyna garaşýandygy bellenilýär. Bu duşuşygyň ilkinjisinde fransuz topary öz meýdançasynda 1:0 hasabynda ýeňlipdi. Jogap duşuşygynda hem ýeňlen halatynda Çempionlar ligasy ýaryşyndan çekiler.

Şondan soňra Messiniň “PSŽ” topary boýunça öz kararyny bermegine garaşylýar. 20230-nji ýylyň tomsunda şertnamasynyň möhleti tamalanýan Messi 38 million ýewrolyk zähmet hakynyň azaldylmagyna garşy çykýar.

Ýene-de okaň

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi