DÜNÝÄ

Saud Arabystany Patyşalygynyň Ilçisi bilen duşuşyk barada

Daşary syýasat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň Ilçisi Said Osman Ahmed Suweýdiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda türkmen-saud hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy hem-de onuň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.

Geçen ýylyň dekabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministri Faýsal bin Farhan Al-Saudyň arasyndaky syýasy geňeşmeleriniň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişine garaldy.

Ikitaraplaýyn çäreleriň meýilnamasy we gün tertibi, şeýle hem şu ýyl dürli derejelerde geçirilmegi meýilleşdirilýän özara saparlar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýene-de okaň

“Owganystan-Merkezi Aziýa” konsultatiw duşuşygy geçiriler

Türkmenistan 3 aýda 520 sany halkara duşuşyklaryny geçirdi

Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy mejlisine gatnaşdy

Eýranyň Aşgabatdaky medeniýet merkezi surat çekmek bäsleşigini geçirýär

Türkmenistanyň Ilçisiniň Gruziýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşygy

Türkmenistanyň wekiliýeti «Energoprom-2026» Kazan forumyna gatnaşdy