SPORT

Şaşka ýaryşy metbugat sahypalarynda

Malim bolşy ýaly, şu ýylyň 29-njy aprelinde ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde işleýän žurnalistleriň we bu ugurda bilim alýan talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda şaşka boýunça gyzykly ýaryş geçirildi. Asylly däbe öwrülen bu aň-paýhas oýuny “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň hem-de “Makul Hyzmat” Terjime Merkeziniň hemaýat bermeginde gurnalýar. Şeýle hem bu ýaryşyň guramaçylygyna  Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň “Türkmenistan Sport” halkara žurnalynyň, Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty  Baş müdirliginiň Ýöriteleşdirilen Küşt-şaşka mekdebi hem işjeň gatnaşýar.

Bu ýaryş ýurdumyzyň metbugatynda hem uly orun aldy. Gündelik neşir edilýän “Türkmenistan” gazeti bilen bir hatarda “Biznes reklama” hem-de “Türkmen sporty” gazetlerinde bu ýaryş baradaky habarlar çap edildi. “Türkmen sporty” gazetinde “Žurnalistleriň arasyndaky bäsleşik” ady bilen çap edilen makalada bu ýaryşyň şweýsar usulynda geçirilip, onuň hem bäsleşigiň soňky tapgyryna çenli gatnaşyjylaryň baýrakly orunlara dalaş etmegine mümkinçilik berlendigi bellenip geçilýär.

“Biznes reklama” gazetinde çap edilen makalada bolsa, “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynda

metbugat wekilleriniň arasynda şeýle ýaryşlaryň guralmagynyň ýurdumyzdaky syýasat we sport wagyzçylarynyň sportdaky başarnyklaryny ýüze çykarmaga mümkinçilik berýändigi, şol bir sanda sport arkaly dostlugyň berkidilýändigi bellenilip geçilipdir. Şeýle hem bu sport ýaryşynyň döwrüň sesi bolan žurnalistleriň ýurdumyzdaky gündelik sport wakalaryny beýan etmekde galam ýöredişlerini däl-de, eýsem, sportuň bu görnüşinde olaryň paýhaslarynyň üstünligini açyp görkezendigi mälim edilipdir.

Ýene-de okaň

III GDA Oýunlaryna gatnaşyjy ýurtlaryň sany 10-a ýetdi

Milletler Kubogy 2025: Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzümi mälim boldy

Ronaldonyň özboluşly täze rekordy

Ronaldo ýene-de kubok gazanmak başartmady

Zenanlar futbolynyň iň gymmat transferi

AFK Çempionlar ligasy-2: “Arkadag” we “Ahal” klublaryň duşuşyklarynyň seneleri