Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge döwlet derejesinde aýratyn üns berilýär. Bu günki günde döwrebap ugurlar, sanly ulgamyň mümkinçilikleri yzygiderli durmuşa ornaşdyrylýar. Sanly ulgamyň mümkinçilikleri diňe bir döwrebap ugurlar bolman, eýsem, ösüşiň möhüm ugurlaryny üpjün edýär. Munuň özi, umumylykda, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine, milli maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagyna oňat ýardam berýär.
Ýurdumyzda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň pugta ornaşdyrylmagy ykdysady, syýasy we durmuş ösüşinde mynasyp şöhlelenýär. Täze tehnologiýalar, sanly ulgam döwrümiziň möhüm ugurlaryna öwrüldi. Häzirki wagtda ýurdumyzda innowasiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagy netijesinde optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlary barha ösdürilýär, ýokary tizlikli internet-aragatnaşygyň elýeterliligi bilen doly derejede üpjün edilýär.
Sanly ykdysadyýetiň kemala gelmegi ylmy-tehniki ösüşiň gönüden-göni netijeleridir. Sanly ykdysadyýet önümçilikde we hyzmatlar ulgamynda harajatlary peseltmäge, bazardaky üýtgeşmelere tiz wagtda uýgunlaşmaga hem-de ýokary çeýeligi üpjün etmäge ýardam berýär.
Häzirki wagtda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» we «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda, sanly özgertmeler babatda Diýarymyzda netijeli işler alnyp barylýar. Şeýle özgertmeleriň durmuşymyzyň ähli ugurlaryny gurşap almagy bolsa, ykdysady işde we gündelik durmuşymyzda ýeňillikleriň döremegine mümkinçilik berýär. Häzirki zaman maglumatlar jemgyýetinde özboluşly amatlyklaryň üpjün edilmegi ýurduň ykdysadyýetiniň çeýeliginden habar berýändigini göz öňünde tutsak, Diýarymyzda bu ugurda ýetilen sepgitler örän guwandyryjydyr. Has takygy, bank, salgyt, söwda, aragatnaşyk ulgamlarynda ilata hödürlenýän iň öňdebaryjy hyzmatlar sanly ykdysadyýetiň ösüşiň we döwrebaplygyň baş şertidigini dolulygyna görkezýär.
Sanlylaşdyrmak — milli ykdysadyýetimiz üçin hil taýdan täze döwür bolup, durmuş-ykdysady ösüş babatda döwlet Baştutanymyzyň takyk, çuňňur oýlanyşykly we ylmy taýdan esaslandyrylan strategiýasy esasynda oňa geçmek mümkin boldy. Ol ösüşiň durnukly oňyn depginini üpjün etmek bilen birlikde, degişli şertleriň üýtgemegine uýgunlaşmagy, daşarky ýagdaýlar bilen şertlendirilen töwekgelçilikleriň azalmagyny hem üpjün etdi. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda bu ugurda yzygiderli maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar, şol sanda zerur düzümi döretmek boýunça çäreler görülýär.
Sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça ykdysady taýdan ösen ýurtlaryň birnäçesinde toplanan tejribe sanly gurşawyň döredilmegi bilen milli ösüşde birnäçe artykmaçlyklaryň gazanylýandygyny görkezýär. Şunda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen ýurduň ykdysady ulgamynyň ösüşe ukyplylygyny häsiýetlendirýän görkezijiniň, ýagny jemi içerki önümiň artýandygy bellenilýär. Hususan-da, şeýle tehnologiýalaryň ösmegine gönükdirilýän maýa goýumlaryň möçberi näçe köp boldugyça, şonça-da jan başyna düşýän jemi içerki önümiň ýokarlanýandygyny daşary ýurtlaryň tejribesi tassyklaýar. Munuň özi, sanly maglumatlaryň täze önümleri öndürmekde eýeleýän ornunyň uludygyny aňladýar.
Ogulbossan Babaýewa,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň
Jemagat infrastrukturasy we inženerçilik ulgamlary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.
