Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyryp ösdürmek, ýurdyň töleg ulgamyny dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň derejesine ýetirmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Bank ulgamynda ornaşdyrylýan innowasion tehnologiýalar häzirki zaman bankynyň keşbiniň emele gelmegine, bank hyzmatlarynyň hilini has-da ýokarlandyrmaga hem-de raýatlaryň talaplaryny kanagatlandyrmaga oňyn şert döredýär. Sanly ykdysadyýete başgaça elektron ykdysadyýet hem diýlip, onuň esasy aýratynlygy sanly tehnologiýalara daýanýan ykdysady işi aňladýar. Bu adalgada “ykdysadyýet” sözi esasy kesgitleýji söz bolup durýan hem bolsa, ykdysady işden başga-da, bu özgertmäniň netijesinde jemgyýetçilik gatnaşyklarynda, adamlaryň özlerini alyp baryşlarynda, dünýägaraýyşlarynda belli bir özgerişlikleriň bolup geçýändigi aýratyn bellärliklidir. Bu ýagdaý sanly ykdysadyýetiň ösmegi bilen täze durmuş hakykatynyň ýüze çykýandygyny görkezýär. ”Sanly” sözi bolsa ylmy-tehniki ösüşiň netijesinde tehnologiýalaryň täze görnüşleriniň, hususan-da, internetiň ýüze çykmagy we gündelik durmuşymyzdan başlap, önümçilikde hem-de hyzmatlar ulgamynda olaryň giňden ýaýramagy bilen baglanyşyklydyr. Umuman, sanly ykdysadyýeti ösdürmekde daşary ýurtlaryň birnäçesinde toplanan tejribäniň öwrenilmegi, bir tarapdan, ylym we bilim ulgamlarynyň düýpli özgerdilmegini, elektron senagatynyň depginli ösdürilmegini, ylmy talap edýän önümçilikleriň döredilmegine işewürlerimiziň giňden çekilmegini talap edýär. Beýleki tarapdan, halkara bilermenleriň nygtamaklaryna görä, ykdysadyýetiň mundan beýläk-de sanlaşdyrylmagynyň artykmaçlyklary bilen bir hatarda, ol birnäçe töwekgelçilikleri hem döredýär. Çünki sanly tehnologiýalara bolan aşa baglylygyň artmagy, şeýle-de maglumatlary gorap saklamak meselesi bilen baglylykda kiberhowpuň artmagy belli bir derejede töwekgelçilikleriň ýüze çykmagyna getirýär. Şol sebäpli sanly ykdysadyýeti ösdürmek isleýän döwletler bu meselelere ünslerini güýçlendirmeli bolýarlar.
Umuman, sanly ykdysadyýeti ösdürmekde daşary ýurtlaryň birnäçesinde toplanan tejribäniň öwrenilmegi, bir tarapdan, ylym we bilim ulgamlarynyň düýpli özgerdilmegini, elektron senagatynyň depginli ösdürilmegini, ylmy talap edýän önümçilikleriň döredilmegine işewürlerimiziň giňden çekilmegini talap edýär. Beýleki tarapdan, halkara bilermenleriň nygtamaklaryna görä, ykdysadyýetiň mundan beýläk-de sanlaşdyrylmagynyň artykmaçlyklary bilen bir hatarda, ol birnäçe töwekgelçilikleri hem döredýär. Çünki sanly tehnologiýalara bolan aşa baglylygyň artmagy, şeýle-de maglumatlary gorap saklamak meselesi bilen baglylykda kiberhowpuň artmagy belli bir derejede töwekgelçilikleriň ýüze çykmagyna getirýär. Şol sebäpli sanly ykdysadyýeti ösdürmek isleýän döwletler bu meselelere ünslerini güýçlendirmeli bolýarlar.
Şunda Türkmenistanyň bu ugurda öňdebaryjy ýurtlaryň hataryna girmegini üpjün etjek ýollaryň, ony amala aşyrmagyň mehanizminiň dogry kesgitlenmegi şeýle maksatnamanyň netijeli durmuşa geçiriljekdiginiň, netijede sanly gurşawyň kemala getiriljekdiginiň kepilidir. Sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça bu maksatnamada ýurdumyzyň dolandyryş ulgamy üçin ýokary hünärmenlik derejesi bolan häzirki zaman hünärmenlerini taýýarlamak zerurlygy hem ýüze çykýar.
Döwletmyrat Gurbandurdyýew ,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby
Telekeçilik bilen meşgullanmak isleýän ýaşlaryň we telekeçileriň söýgüli sahypasy-Telekeçilik Sahypasy!