Sanly ykdysadyýet – bu hojalyk işidir, onda önümçiligiň möhüm guraly sanly görnüşdäki maglumatlar bolup, olaryň köp möçberlerde işlenilmegi we seljermeleriň netijeleriniň peýdalanylmagy hojalygy ýöretmegiň däp bolan görnüşleri bilen deňeşdirilende önümçiligiň, tehnologiýalaryň, enjamlaryň dürli görnüşleriniň, harytlary we hyzmatlary saklamagyň, satmagyň we eltip bermegiň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.
Häzirki wagtda halkara derejesinde sanly ykdysadyýete geçmegiň meseleleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Sanly ykdysadyýeti durmuşa geçirmekde dünýä derejesinde baý tejribeler toplanylýar.
Sanly ykdysadyýet boýunça dünýäniň öňdebaryjy ýurtlary:
Beýik Britaniýa. Sanly ykdysadyýetiň JIÖ-de tutýan paýy 18% töweregidir. Munuň esasynda bolsa Beýik Britaniýany köplenç öňdebaryjy diýip atlandyrýarlar. Sanly ykdysadyýetiň möhüm tehnologiýalarynyň birnäçesi (öňdebaryjy maglumatlar, hemralar, energiýa saklanýan ýerler, robot tehnikasy we özbaşdak ulgamlar, agroylym, uly maglumatlar) ylym departamenti tarapyndan kesgitlenildi.
ABŞ. ABŞ-nyň Çikago şäherinde Sanly önümçilik we innowasion dizaýn instituty döredildi, häzirki wagtda ol sanly ykdysadyýetiň iri merkezleriniň biri bolup durýar. Sanly ykdysadyýetiň JIÖ-däki paýy 11%-e golaýdyr. ABŞ-da “Sanly” ykdysadyýetiň mümkinçiliklerini ýurt üçin bähbitli peýdalanmak maksady bilen, onuň tebigy ösüşinden peýdalanyp biljek hususy kompaniýalaryň zerur bolan köplügi bardyr.
Germaniýa. Germaniýada “Senagat 4.0” adalgasy peýda boldy. Çap edilýän ylmy işleriň aglabasynda, konferensiýalarda we beýleki resminamalarda şu adalgadan peýdalanýarlar.
“Senagat 4.0” adalgasy XXI asyrda oba hojalygynda we beýleki önümçilik pudaklaryna “akylly” tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny öz içine alýar. Bu adalga häzirki wagtda senagat taýdan ösen ýurtlaryň önümçilik işlerinde peýdalanýan robotlary hem-de ösen internet ulgamyndan peýdalanyp, ýönekeý üznüksiz önümçilikden ösen görnüşde, giňeldilen üznüksiz önümçilige geçmekligi häsiýetlendirýär.
Önümçilik gatnaşyklarynyň we senagatyň ýokary derejede ösmegi netijesinde önümçilikde peýdalanylýan robotlaryň sany hem-de olaryň hili ýokarlanýar. Kompýuterleriň bir-birleri bilen birikdirilmegi netijesinde önümçiligi guramaklyk kämilleşdi. Önümçilik işleri bilen meşgullanýan adamlar “akylly” geljege taýýarlyk görýärler we olar öz işlerine birnäçe üýtgeşmeleri girizýärler.
Ýaponiýa. Ýaponiýa däp boýunça robot tehnikasy babatynda ylmy barlaglar bilen işjeň meşgullanýar. Bu ýurtda 2017-nji ýylda “Senagat 5.0” adalgasy ulanyldy.
“Senagat 5.0” adalgasy – bu önümçilikde işçi güýji bilen bilelikde robotlaryň öndürijilikli zähmet çekmekligini aňladýar. Has takygy, bu adalga internet ulgamynyň has ýokary tizlikde işlemegi bilen önümçilikde zähmet çekýän işçi güýjüniň zähmet öndürijiliginiň ýokarlanmagyna ýardam berýän robotlary aňladýar. Elbetde, robotlar öndürijilikli zähmet çekseler-de, olaryň pikirlenme ukyby we döredijiligi ýokdur.
Hytaý. Hytaý sanly ykdysadyýet üçin strategiki geljegi meýilleşdirýär. Bu ýurtda öňde goýulan örän uly maksat – dünýäde öňdebaryjy tehnologik döwlet bolmak wezipesi bolup durýar. Hytaý Halk respublikasynda sanly ykdysadyýetiň JIÖ-däki paýy 10%-e golaýdyr.
Çarygeldi Gulçaryýew,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.