SIZDEN GELENLER

Sanly ulgam – ösüşleriň açary

Ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna, edara-kärhanalaryna sanly innowasiýalary ornaşdyrmak arkaly uly ösüşler gazanylýar. Munuň özi ýurdumyzyň ähli ulgamlarynyň sanlylaşdyrylmagy netijesinde sanly maglumat-aragatnaşyk ulgamynyň kemala gelýändigini aňladýar.

Häzirki döwürde Türkmenistanyň bilim ulgamy düýpgöter täze sepgitlere eýe bolýar. Bu özgertmeleriň hereketlendiriji güýji häzirki zaman kompýuter tehnologiýasy, ýagny sanly bilim ulgamynyň ösmegidir. Şonuň üçinde ýurdumyzda häzirki zaman ylmynyň we tehnologiýasynyň durmuşa giňişleýin ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berilýär.

Uzak aralykdan bilim almaga täze mümkinçilikleriň açylmagy, talybyň okuw maglumatlaryny, okuw kitaplaryny elektron görnüşinde alyp bilmegi uly mümkinçiliklere ýol açýar. Bu ugurlarda elektron-maglumat gorlary döredilýär. Döredilen maglumat gorlary zerur bolan okuw maglumatlary, kitaplar, gollanmalar, wideoýazgylar bilen baýlaşdyrylýar.

Bilim ulgamyna ornaşdyrylýan innowasion tehnologiýalar örän çaltlyk bilen kabul edilýär. Bu ugurda mugallymlaryň taýýarlyk derejeleriniň ýokarydygy hem bellenilmäge mynasypdyr. Şonuň ýaly-da, ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde bilim işgärleri we mugallymlar, terbiýeçiler üçin ýörite okuwlar guralýar. Bu işler bilim işgärleriniň hünär derejesiniň ýokary bolmagyny gazanmaga ýardam edýär.

Ýurdumyzda soňky ýyllaryň dowamynda dünýä ülňüleriniň talaplaryny doly ödeýän ýokary okuw mekdepleri gurlup ulanylmaga berildi. Olaryň okuw otaglary dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynda öndürilen okuw enjamlary bilen enjamlaşdyryldy.

«Dördünji senagat rewolýusiýasynyň» ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we durmuş ulgamlaryna täsir edip başlamagy ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda durmuş-ykdysady wezipeleri çözmäge bütinleý täzeçe çemeleşmegi talap edýär. Sanly ykdysadyýeti ösdürmäge, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmaga döwlet derejesinde aýratyn ünsüň berilmegi bilen birlikde, bu ugruň hukuk binýady hem yzygiderli kämilleşdirilýär.

«Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022–— 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» ýurdumyzda sanly ulgamy ornaşdyrmak maksady bilen, «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň», «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň», şeýle-de «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» hem-de «Türkmenistanda ylym ulgamyny 2020 — 2025-nji ýyllarda sanly ulgama geçirmegiň Maksatnamasynyň» bellenilen möhletlerde durmuşa geçirilmegine ähmiýet berilýär.

Sanly ulgamyň işlerini ýola goýmakda hem kämil hünärmenleriň taýýarlanylmagy möhüm ugur bolup durýar. Şunda sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden doly derejede peýdalanylýar. Munuň özi giň dünýägaraýyşly, tebigy bilimleri özleşdirýän hünärmenleriň taýýarlygyna baglydyr. Elbetde, döwletimiziň we jemgyýetimiziň örän çalt depginlerdäki sazlaşykly ösüşleri ähli türkmenistanlylary döredijilikli zähmete, döwrüň ägirt uly işlerine goşant goşmaga, döretmäge we gurmaga ruhlandyrýar. Esasan hem ýaşlaryň döredijilikli işlemekleri we döwrüň ähli mümkinçiliklerini durmuşa geçirmekleri üçin giň şertler döredilýär. Ýaşlar kämil bilimleri bilen sanly ulgamdan oňat baş çykarýarlar hem-de öz başarnyklaryny durmuşa geçirýärler. Türkmenistanda sanly bilim ulgamynda täzeçilligi döretmek we ýaýratmak, durmuşa ornaşdyrmak babatda maksatly işler ýokary derejede dowam etdirilýär. Kämil hünärmenleri ýetişdirmekde esasy ugurlaryň biri hem bilim edaralarynyň ýokary tehnologiýalar bilen üpjünçiligidir. Bu işleriň barşynda bilimleriň ähli derejeleri üçin mahsus bolan elektron maglumatlar gory döredilýär.

Gözel Çaryýewa,
TOHU-nyñ mugallymy.

 

Hormatly Prezidentimiz atasy Mälikguly aganyň belli güni mynasybetli sadaka berdi

Ýene-de okaň

Milli hakydanyň göwher şuglasy

Magtymguly Pyragy we Bitaraplyk

Magtymguly Pyragy-dünýä şahyry

Nebitgaz pudagy – geljegi uly senagat

Dil bilen dünýä giňişligine açylýarys

Ylym we bilim – ösüşleriň ganaty