TEHNOLOGIÝA

Sanly tehnologiýalar gullugy dörediler

 Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň ýanynda Sanly tehnologiýalar gullugyny döretmek barada hasabat berdi.

“Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda” Kanuna laýyklykda, bu ulgamda ygtyýarly döwlet edarasy hem-de onuň wezipeleri Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýär. Onuň esasy wezipeleri bu ulgamda döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryny amala aşyrmakdan, Döwlet maksatnamalaryny işläp taýýarlamakdan we olaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligi amala aşyrmakdan, elektron sanly goly bellige alyş we tassyklaýyş merkezleriniň döwlet tarapyndan bellige alynmagyny ýerine ýetirmekden, merkezleriň ygtyýarly şahslarynyň elektron sanly gollarynyň açyk açarlarynyň sertifikatlarynyň ýeke-täk döwlet sanawyny ýöretmekden, şahsyýeti anyklaýyş ID kart ulgamyny döretmek bilen bagly işlere gatnaşmakdan we beýlekilerden ybaratdyr.

Halkara tejribä laýyklykda, öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň ýanynda Sanly tehnologiýalar gullugyny döretmek baradaky teklip hödürlenildi.

 

Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini kämilleşdiriler

Ýene-de okaň

Gresiýa 15 ýaşa ýetmedik çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan eder

Ermenistanda 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlara elýeterlilik çäklendiriler

NASA-dan taryhy ädim: 54 ýyldan soň Aýa ilkinji adamly uçuş başlady

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar

Türkiýede 5G döwri başlady

Türkmenistanda 5G we 4G+ torlaryny ýaýbaňlandyrmak üçin bäsleşik yglan edildi