JEMGYÝET

Sanlaşdyrylan neşirýat oňyn netije berýär

Türkmenistanda neşirýat-çaphana işiniň sanlylaşdyrylyşy barha kämilleşdirilýär. Bu kämillik Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň işinde hem görünýär ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Toplumda ulanylýan «Prinect» programmasy arkaly çap etmekden öňki işleriň bitewi ulgama salynmagy bolsa müşderiniň sargydyny almakdan başlap, işiň ähli tapgyrlaryny awtomatlaşdyrmaga we maglumatlary gaýtadan işläp taýýarlamagyň depginini ýokarlandyrmaga şert döredýär.

«ASystem» programma üpjünçiligi bolsa poligrafiýa önümçiligini dolandyrýan ulgam bolup, iş ýüzünde sargytlary hasaba almak, tabşyrygy meýilleşdirmek, wagty we deslapky sargytlary hasaplamak, önümçilik we täjirçilik resminamalaryny taýýarlamak, şeýle hem bar bolan gorlary meýilleşdirmek, önümçilik-buhgalteriýa maglumatlaryny ýygnamak, kagyzlaryň, materiallaryň, taýýar önümleriň ammar hasaby ýaly resminamalaryň elektron dolanyşygyny amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.

Metbugat öýi toplumynyň işini kämilleşdirmek maksady bilen ornaşdyrylan ulgamlaryň ýene biri — «ASystemTouch» poligrafiýa önümçiligindäki sargyt baradaky maglumatlary iş amala aşyrylyp duran wagty hasaba almaga niýetlenendir.

Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň işine geçen ýylyň ahyryndan ornaşdyrylyp başlanan elektron resminama dolanyşygy ulgamy, öz gezeginde, kagyz resminamalaryň möçberini azaltmaga, çap etmek we olary ugratmak bilen bagly sarp edilýän serişdeleri tygşytlamaga, işleri awtomatlaşdyrylan usulda ýola goýmaga zerur şertleri döredýär.

2019-njy ýylda Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň metbugat.gov.tm internet saýtynyň döredilmegi bu ugurda ilkinji tejribe boldy. 2020-nji ýylyň 1-nji iýulyndan Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň «Türkmenmetbugat» internet neşiriniň maglumatlar giňişligine çykarylmagy bolsa ýurdumyzda çap edilýän gazet-žurnallary elektron görnüşde köpçülige elýeterli etmek hem-de olaryň onlaýn abunasyny ýola goýmak boýunça täzeçe çemeleşmelere badalga berdi.

 

Söhbetdeşlik Sahypamyz

Ýurdumyzyň sungat ussatlary bilen taýýarlanan bir-birinden gyzykly söhbetdeşlikleri bu sahypamyzdan okap bilersiňiz!

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen FAO guramasynyň arasynda birnäçe resminamalara gol çekildi

ABŞ-nyň ýörite wekili Serjio Goruň Türkmenistana sapary

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugyna täze ýolbaşçy bellendi

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Ýewropa Bileleşiginiň ýörite wekili bilen duşuşdy

Türkmenistanyň we Hindistanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy guralar

Türkmenistanda FAO-nyň wekilhanasyny döretmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi