SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Sanjym täzelikleri: Ýaponiýada ilkinji sanjym bellige alyndy

Bütin dünýäde koronawirus ýokanjyna garşy göreş alnyp barylýar. Şeýle döwürde bu ýokanja garşy işlenip düzülen sanjymlar dünýäniň dürli döwletlerinde bellige alynýar we şol ýurtlarda köpçülikleýin sanjyma girişilýär.

ÝAPONIÝA ILKINJI SANJYMY BELLIGE ALDY

Ýaponiýanyň Saglygy goraýyş ministrligi koronawirus ýokanjyna garşy ABŞ-nyň “Pfizer” kompaniýasynyň sanjymyny bellige almak barada ylalaşdy. Bu barada “Kyodo” habarlar gullugy habar berýär. Şeýlelikde amerikan kompaniýasy şu ýyl “Tokio 2020” Olimpiýa oýunlaryny kabul etmäge taýýarlanýan Ýaponiýanyň çäklerinde rugsatnama alan ilkinji kompaniýa boldy.

Ýaponiýanyň saglygy goraýyş ministri Norihisa Tamura sanjymyň 16 ýaşdan uly adamlara uruljakdygynyt we 3 hepde aralyk bilen 2 doza sanjym ediljekdigini mälim etdi.

Bu sanjymyň ilkinji dozalary Ýaponiýa eltildi. Brýusselden Narita howa menziline 400 müň doza sanjym ugradyldy.

17-nji fewraldna başlap, Ýaponiýa 20 müňe golaý lukmançylyk işgärlerini sanjym etmegi meýilleşdirýär. Soňra ýurduň ähli ýerinde ulanmaga başlanar. Mart aýynda ýurduň lukmançylyk işgärleriniň 3,7 millionyna golaýynyň sanjym edilmegine garaşylýar. Aprel aýynda 65 ýaşdan uly bolan adamlara (takmynan 36 million adam) sanjym etmek meýilleşdirilýär.

***

OKSFORDUŇ SANJYMY ÇAGALARDA SYNAG EDILER

Oksford uniwersiteti 6 ýaşdan 17 ýaş aralygyndaky çagalar üçin “AstraZeneca” kompaniýasy bilen bilelikdäki işläp düzen koronawirus sanjymyny synagdan geçirmegi göz öňünde tutýar. Bu barada uniwersitet tarapyndan beýanat berildi.

– Uniwersitet, ýetginjekler we çagalar üçin “ChAdOx1 nCoV-19” sanjymynyň howpsuzlygy boýunça ylmy-barlag işlerine başlaýar. Ylym-barlag işleri London, Sautgempton we Bristoldaky üç merkezde geçiriler. Sanjymyň ozalky synaglary ulularda howpsuzdygyny görkezdi. Täze ylmy-barlaglar 6-17 ýaş aralygyndaky çagalaryň sanjyma ýeterlik göreşijilik ukybyna baha berler – diýip, beýanatda bellenilýär.

***

WENGRIÝA “SPUTNIK V” SANJYMYNY ULANMAGA BAŞLADY

Wengriýa Russiýanyň “Sputnik V” koronawirus sanjymyny ulanyp başlady. Bu barada “Daily News Hungary” internet neşiri habar berýär.

Wengriýa mundan ozal ýurtda ulanmak üçin “AstraZeneca” we “Sputnik V” sanjymlaryny tassyklady. Şeýle hem Ýewropa Bileleşigi derejesinde tassyklanan “Pfizer” we “Moderna” sanjymlary hem ulanylýar.

“Sputnik V” sanjymy 20-den gowrak ýurtda bellige alyndy. Russiýanyň göni maýa goýum gaznasynyň habaryna görä, Russiýanyň “Sputnik V” sanjymy, Hytaýyň üç sanjymyndan öňe geçip, ýurtlaryň tassyklamagy boýunça dünýäde iň gowy üç koronawirus sanjymynyň biridir.

BEÝIK BRITANIÝADA 15 MILLION ADAM SANJYM EDILDI

Beýik Britaniýada koronawirus sanjymynyň ilkinji dozasyny 15 milliondan gowrak adam aldy. Şeýle maglumatlar ýurduň Premýer-ministri Boris Jonson tarapyndan berildi. Ol köpçülikleýin sanjymyň gerimini “ajaýyp üstünlik” hökmünde atlandyrdy.

8-nji dekabrda ýurtda köpçülikleýin sanjym başlaly bäri bary-ýogy 10 hepde geçdi. Jonsonyň aýtmagyna görä, ýurduň hökümeti aprel aýynyň ahyryna çenli koronawirusyň iň uly howp döredýän 50 we ondan ýokary ýaşdaky raýatlara sanjym etmegi meýilleşdirýär.

SERBIÝA SANJYMYNY PAÝLAŞÝAR

Serbiýa Demirgazyk Makedoniýa sanjym serişdelerini muzdsuz berýär. Iki ýurduň serhedinde geçirilen dabarada Serbiýanyň Prezidenti Aleksandr Wuçiç Demirgazyk Makedoniýanyň Premýer-ministri Zoran Zaýewe 4680 doza “Pfizer” sanjymyny berdi.

Umuman alanyňda, Belgrad özüniň ätiýaçlyklaryndan takmynan 8 müň dozany bermegi wada berdi.

– Gowy dostlugyň nyşany hökmünde Serbiýa we serb halky raýdaşlygyny görkezdiler we ýurdumyza sanjym berdiler – diýip, Demirgazyk Makedoniýanyň Premýer-ministri Zoran Zaýew belläp geçdi.

Demirgazyk Makedoniýa 1,6 million doza sanjym sargyt etdi. Bu möçberiň ýarysy “Pfizer” kompaniýasy bilen göni şertnama esasynda, galan ýarysy BSGG-nyň maksatnamasy boýunça satyn alynmalydy. Emma önümçilik we üpjünçilik meselesi sebäpli bu ýurt entek ýekeje dozany hem alyp bilmedi.

 

Android ulgamda işleýän Makul Sözlük Applikasiýasynyň linki

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň raýatlarynyň dykgatyna: Türkiýäniň wizasy üçin täze bildiriş

Türkmenistan bilen Gazagystan uçar gatnawlaryny täzeden ýola goýmagy meýilleşdirýär

Ata Watan Eserleri

Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde çagalaryň 985-sine dikeldiş bejergisi geçirildi

Kolosseýde Göbekli depe Artefaktlaryna bagyşlanan sergi açyldy

Awiasiýa howpsuzlygy üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy taýýarlandy

Türkmenistanyň lukmançylyk uniwersiteti ylmy elektron žurnal çap eder