SPORT

Salah Angliýada “ýylyň futbolçysy” boldy

Müsürli Mohamed Salah Angliýada ýylyň iň gowy futbolçysy diýen sylaga mynasyp boldy. Ol bu baýraga žurnalistleriň pikiri boýunça saýlandy.

“Liwerpul” toparynyň hüjümçisi bu babatda “Mançester Siti” toparynyň futbolçysy Kewin de Bruýneden we “West Hem” toparynyň futbolçysy Deklan Raýsdan öňe saýlanyp, 48 göterim ses aldy.

Futbol žurnalistleriň assosiasiýasy tarapyndan “ýylyň iň gowy zenan futbolçysy” Sem Kerr saýlandy.

Salah bu baýraga ikinji gezek saýlandy. Ol 2018-nji ýylda bu baýraga mynasyp bolupdy. Müsürli Angliýanyň futbol çempionatynda 31 duşuşykda 22 gol geçirip, 13 netijeli pas geçirdi.

 

https://www.atavatan-turkmenistan.com/turkmen-wekiliyetinin-bae-sapary-2/

Ýene-de okaň

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi