JEMGYÝET

Şäherara awtobus gatnawlarynyň petekleri onlaýn satylyp başlandy

Ýurdumyzda şäherara awtobus gatnawlary üçin petekleri «Awtomobil ulag hyzmatlary» AGPJ tarapyndan onlaýn satylmagy “Android”goşundysy arkaly täzeden ýola goýuldy. Bu barada “auh.com.tm” internet saýtynda bellenilip geçilýär.

Hödürlenen elektron meýdançalara ugraljak hem-de barylmaly nokady girizmeli, senäni hem-de petegiň görnüşini — ulular ýa-da çagalar üçin petegi saýlamaly.

Petegi satyn almazdan öň, awtobusa münmegiň düzgünleri, zerur resminamalar bilen tanyşmagy teklip edýär.

Hususan-da, düzgünlerde aýdylyşy ýaly, ýolagçy petegini satyn almazdan ozal, ýaşaýan ýeriňdäki saglyk öýünden COVID-19 esasynda saglyk kepilnamasyny, şeýle hem Aşgabadyň we welaýatlaryň häkimlikleri tarapyndan döredilen ýörite iş topary tarapyndan berlen rugsatnama almaly. Yzyna gaýdylanda güwänama talap edilmeýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar: 44-35-35, 44-35-31, 44-35-32, 44-35-33, 082.

 

 

Boş iş orunlary boýunça bildiriş

Related posts

Serdar Rahimow dzýudo boýunça Ýewropanyň açyk çempionatynda kümüş medal gazandy

Çöregi nähili bala öwrüp bolar? Mämmetjana öwrendi

vepa

Dostluk Konseri Büyük İlgi Gördü

vepa