SIZDEN GELENLER

Saglyk — baş baýlyk

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk göreldesine eýerýän halkymyzyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sagdyn ýaşaýşa hormat-sarpasy barha artýar. Zyýanly endiklerden daşda durmak, zähmet bilen dynç alşy sazlaşykly utgaşdyrmak, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak türkmenistanlylaryň esasy ýörelgesine öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, soňky ýyllarda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy guwandyryjy sepgitlere ýetdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň welaýatlarynda häzirki zamanyň ösen lukmançylyk enjamlary bilen doly üpjün edilen, döwrebap saglyk öýleriniň, köpugurly hassahanalaryň, täze sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň gurlup ulanylmaga berilmegi munuň aýdyň beýanydyr. Ýetilen belent sepgitler netijesinde ilata hödürlenilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň görnüşleri barha köpelýär, hili ýokarlandyrylýar.

Eziz Diýarymyzda gurlup ulanylmaga berilýän saglyk merkezlerinde täze, ylmyň iň soňky gazanan kompýuter tehnologiýalarynyň, bejeriş usullarynyň ornaşdyrylmagy, näsaglara dünýä lukmançylygynyň gazananlarynyň ähli hyzmatlaryny hödürlemäge mümkinçilik döredýär. Şoňa baglylykda, türkmen lukmanlary hünär derejelerini ýokarlandyrmak, iş tejribesini has-da artdyrmak üçin Ýewropanyň we dünýäniň beýleki döwletleriniň lukmançylyk merkezlerine yzygiderli iberilýär. Şeýle hem dünýäniň beýleki döwletleriniň lukmanlary ýurdumyzyň saglyk merkezlerinde türkmen lukmanlary bilen tejribe alyşmak maksady bilen iş saparyna gelýärler.

Baş kanunymyzda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy diýlip yglan edilen adamyň saglygyny we abadan durmuşyny üpjün etmek Gahryman Arkadagymyz tarapyndan öňe sürlüp, häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň paýhasly baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde bina edilen häzirki zaman saglygy goraýyş edaralarynda, kliniki we ylmy-kliniki merkezlerinde alnyp barylýan bejergi işleri döwrüň talaplaryna doly laýyk gelýär. Häzirki wagtda hem Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk ylmy-kliniki merkezleriň gurluşygy dowam edýär, şäherleriň we obalaryň okgunly ösdürilmegini göz öňünde tutýan giň gerimli özgertmelere, maksatnamalara laýyklykda ýurdumyzda döwrebap sport toplumlary, saglygy goraýyş maksatly möhüm desgalar gurlup ulanylmaga berilýär. Türkmen hünärmenleri Ýewropanyň we dünýäniň beýleki ýurtlarynyň öňdebaryjy lukmançylyk merkezlerinde hünär derejesini kämilleşdirýärler.

Eziz Diýarymyzda ekologik taýdan arassa ýerli çig maldan — türkmen topragynyň dermanlyk ösümlikleriniň esasynda dürli lukmançylyk serişdelerini öndürýän derman kärhanalary gurlup ulanylmaga berildi.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» kesgitlenen wezipelere laýyklykda, ösüp gelýän ýaş nesilleriň saglygy baradaky alada ählumumy ykrarnama eýe bolýar. Şunda kömege mätäç çagalara hemaýat bermek, olaryň saglyklaryny berkitmek işlerine aýratyn ähmiýet berilýär. Ýaş raýatlaryň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, olaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini gazanmak halkymyzyň ruhuna mahsus, gadymdan gelýän ruhy-ahlak ýörelgeleriniň naýbaşylarynyň biridir.

Eziz Diýarymyzyň lukmançylyk edaralaryny ekologik taýdan arassa, hil babatda halkara görkezijilere doly laýyk gelýän, ýerli çig mallardan öndürilýän lukmançylyk serişdelere bolan zerurlyklaryny kanagatlandyrmak maksady bilen, Arkadag şäherinde lukmançylyk klasteriniň önümçilik toplumlaryny döretmek konsepsiýasynyň çäklerinde «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasy döredildi. Häzirki wagtda bu kärhanada saglygy goraýyş ulgamynda gündelik peýdalanylýan lukmançylyk serişdeleriniň görnüşlerini, şol sanda ýokary ekologik talaplara laýyk gelýän pamyklar, bir gezeklik agyz-burun örtükleri, başgaplary, halatlar, ýorgan-düşek daşlyklary, aýakgap örtükleri, hassahanalar üçin zerur bolan saglyk maksatly serişdeler öndürilýär.

«Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly Milli strategiýanyň we «Türkmenistanyň ilatynyň sagdyn iýmitlenmegi boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamanyň» çäklerinde körpe nesilleriň sazlaşykly ösmegini gazanmak, çagalary ene süýdi bilen iýmitlendirmek we goldamak ugrunda-da toplumlaýyn işlere «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň hem ýokary hilli çaga iýmitlerini öndürmek arkaly goşant goşýandygy örän guwandyryjydyr. Häzirki wagtda bu kärhanada öndürilýän önümleriň görnüşlerini artdyrmak babatda ylmy taýdan esaslandyrylan işleriň üstünlikli alnyp barylmagy beýik ösüşlerden habar berýär.

Saglygy goraýyş ulgamynda maksatnamalar hem strategiýalar döwrüň talaplaryna we Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň maslahatlaryna laýyklykda yzygiderli kabul edilýär. «Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça 2021–2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy»; «Türkmenistanda ilatyň kesellere garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrmak boýunça 2021–2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy»; «2021–2025-nji ýyllar üçin «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly Milli strategiýasy»; «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022–2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy» hem-de «Türkmenistanda D witamini bilen bagly öňüni alyş çärelerini ýokarlandyrmak boýunça 2023–2028-nji ýyllar üçin Strategiýasy» ýaly maksatnamalardyr strategiýalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzy nurana geljege alyp barýan, eziz Diýarymyzyň saglygy goraýyş ulgamyny belent derejelere çykarmakda we ösdürmekde nusgalyk işleri amala aşyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan döwlet ähmiýetli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Gülbahar Şihmyradowa, 

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň

Fakultet terapiýasy kafedrasynyň assistenti. 

Ýene-de okaň

Baş maksat — adamlaryň saglygy

Mel­hemlere baý ki­tap

Türkmen ýaşlary – ýurduň geljegi

Bitarap Diýara Täze ýyl geldi!

«Magtymguly — dünýäniň akyldary» – gymmatly gollanma

«Hakyda göwheri» – gymmatly hazyna