SIZDEN GELENLER

Saglyk abadan durmuşyň gözbaşy

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy uly rowaçlyklara beslenýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ähli ulgamlarda bolşy ýaly saglygy goraýyş ulgamynda hem gazanylýan uly üstünlikler kalbyňy buýsanja besleýär.

Ýurdumyzda jemgyýetiň iň gymmatly hazynasy bolan adamyň saglygyny goramaga gönükdirilýän işleriň netijesinde, saglygy goraýyş ulgamynda yzygiderli işler amala aşyrylýar. Dünýä ölçeglerine doly laýyk gelýän öňdebaryjy lukmançylyk tehnikalary, ýokary tehnologiýalar bilen üpjün edilen häzirki zaman saglyk merkezlerinde halkymyzyň saglygyny dikeltmek we dynç almak üçin ähli mümkinçilikler döredilen. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda çagalaryň sazlaşykly ösüşini ýola goýmak, saglygyny goramak we berkitmek, mümkinçiligi çäkli çagalara sagaldyş-dikeldiş kömegini ýokary derejeli gurnamak, howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça işler döwlet syýasatynyň ileri tutýan ugurlarynyň biri bolup, Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda işlenip düzülen we kabul edilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda esasy orny eýeleýär.

Geçen ýyl Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli, Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda paýtagtymyzda sebitde deňi-taýy bolmadyk, öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen 400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi hem-de 250 orunlyk Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi açylyp ulanmaga berildi. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda ulanmaga berlen Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi hem-de Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi ýokary halkara ykrarnama mynasyp boldy.

Bu lukmançylyk merkezleri Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «Rat für Formgebung German Design Council» edarasy tarapyndan taslamalarynyň bezeg we binagärlik aýratynlyklary, şeýle-de dünýä ülňülerine laýyk gelýän innowasion enjamlar bilen üpjün edilendigi üçin «German Design Award Winner 2025» atly güwänamalara mynasyp boldy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryndan ugur alyp, hormatly Prezidentimiziň yzygiderli hemaýat-goldawlary esasynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny dünýä ülňülerine laýyklykda döwrebaplaşdyrmak, ilatyň saglygyny berkitmek, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak babatda toplumlaýyn işleriň yzygiderli durmuşa geçirilmeginiň hem özeninde jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygynyň goragy dabaralanýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ulanmaga berlen täze saglygy goraýyş desgalaryna halkara güwänamalaryň gowşurylmagy bolsa diňe bir lukmanlaryň däl, eýsem, ähli türkmenistanlylaryň hem buýsanjyny artdyrýar.

Türkmen tebigatynda ýerini başga hiç bir zat bilen çalşyp bolmajak ençeme dermanlyk ösümlikler ösýär. Ata-babalarymyzyň asyrlarboýy kämilleşdirip, milli gymmatlyk derejesine ýetiren halk lukmançylygynda ulanan ösümlikleriniň dürli dermanlyk häsiýetleri we aýratynlyklary ylmy esasda öwrenilýär. Gahryman Arkadagymyz häzirki zaman lukmançylygynyň dünýä tejribesinde gazanylanlaryny, türkmeniň dermanlyk ösümliklerini çuňňur öwrenip, bu baradaky ylmy netijelerini «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitaplarynyň üsti bilen halkymyza ýetirýär. Bu kitaplarda milli lukmançylyk mirasymyz, eziz Diýarymyzda ösýän dermanlyk ösümlikler barada giňişleýin maglumat berilýär. Olar bejergi alýan adamlar üçin örän peýdalydyr. Saglygy dikeltmekde şypahanalardaky bejergiler bilen birlikde, dermanlyk otlardan peýdalanmak hem örän ähmiýetlidir.

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitaplary türkmen tebigatynyň ösümlikler dünýäsiniň ynsan saglygyna şypa beriji häsiýetlerini ylmy taýdan esaslandyrýar. Halk lukmançylygynda türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikleriň müňlerçe görnüşi peýdalanylýar.

Milli Liderimiziň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hasaplanylýan adamyň jan saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak we olaryň ýaýramagyna garşy göreşmek, raýatlaryň ortaça ömür dowamlylygyny uzaltmak babatda giň gerimli işler üstünlikli alnyp barylýar. Bu ugurdaky özgertmeler Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň esasynda durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda jemgyýetçilik saglygyny goraýyş ulgamynyň kemala gelmeginde guramaçylyk-hukuk esasy bolup hyzmat eden bu maksatnamada ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, alnyp barylýan işleri döwrebaplaşdyrmak, olaryň netijeliligini ýokarlandyrmak, degişli ylmy-barlag işlerini alyp barmak, lukmançylykda kämil hünärmenleri ýetişdirmek möhüm wezipeler hökmünde kesgitlenendir.

«Ynsan saglygyny goramak boýunça alyp barýan işlerimiz geljekde-de döwletimiziň üns merkezinde bolar» diýýän hormatly Prezidentimize hem-de bu ugurda beýik özgertmeleriň başyny başlan Milli Liderimize alkyşlarymyz egsilmezdir.

Behişt Ojarowa,

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Fakultet terapiýasy kafedrasynyň assistenti.

Ýene-de okaň

Bilim – ösüşleriň berk binýady

Dil öwrenmek-asylly ýörelge

Dil bilmek ylymlaryň açarydyr

Ata Watan Eserleri

Pedagogika we psihologiýanyň ähmiýeti

Türkmen ýaşlarynyň ylmyň ösüşindäki orny

Goşa mukaddesligiň belent sarpasy