Ata Watanymyzyň beýik ösüşlere beslenýän zamanasynda hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlary bilen halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmek ugrunda netijeli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ähli pudaklary, aýratyn hem, saglygy goraýyş ulgamyny yzygiderli ösdürmekde amala aşyrylýan maksatnamalar ýurdumyzda ynsan saglygynyň döwletiň iň gymmatly baýlygy hökmünde möhüm orun eýeleýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Bilşimiz ýaly, saglygy goraýyş ulgamy jemgyýetiň iň wajyp sütünleriniň biridir. Raýatlaryň saglygyny goramak we durmuş derejesini ýokarlandyrmak ugrunda alnyp barylýan işler her bir döwletiň ösüş derejesiniň möhüm görkezijileriniň biri bolup durýar. Şunda ýurdumyzda bu pudagy ösdürmegiň, maddy-üpjünçilik binýadyny pugtalandyrmagyň çäklerinde häzirki zaman innowasion tehnologiýalaryň gazananlaryndan netijeli peýdalanylýandygyny aýratyn bellemek gerek. Welaýatlarymyzda we paýtagtymyzda döwrüň kämil lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylan hassahanalar, saglyk merkezleri dürli keselleriň irki döwürde anyklanmagyna, şeýle hem ýokary derejeli bejergi almaga şert döredýär. Şonuň bilen bir hatarda, ilatyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz etmek, ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak, raýatlaryň bu ugurdaky sowatlylygyny ýokarlandyrmak boýunça hem ençeme işler üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Şonuň üçin raýatlarymyzyň öz saglygyny berkitmek, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegi zerurdyr. Durmuşda dürli wakalar bolup durýar. Şeýle döwürde esasan hem dülri önümçilik ýerlerinde işleýän adamlar şeýle ýagdaýa duçar bolup biler. Nebitgaz, dag magdan we beýleki önümçiliklerde metan we ugar gazyndan zäherlenme hadysalary ýüze çykyp biler.
Pes konsentrasiýalarda sagdyn adam ýadawlyk duýýar, ýürek keseli bilen döş agyrylary bolýar. Kömürturşy gazynyň derejesi ýokary bolsa, kelle agyry, baş aýlanmak, bulaşyklyk we ýürek bulanma ýaly meseleler ýüze çykyp biler. Şeýle alamatlar adam daşyna çykandan soň ýitýär.
Aýratyn-da howp astyndaky ýerleriň hatarynda magdanlar, gözleg buraw desgalary, önümçilik platformalary, gury ýerdäki nebit we gaz saklaýyş desgalary, nebiti gaýtadan işleýän zawodlar we başgalar bar. Uglerod monoksidiniň syzmagy ýörite gurallary ulanmazdan ýüze çykarylyp bilinmez, sebäbi reňkde, tagamda ýa-da ysda üýtgeşiklik ýok.
Uglerod monoksidi islendik gaz enjamy ulanylanda emele gelýär. Uglerod monoksidi görünmeýän we yssyz. Muny duýmagyň hiç hili usuly ýok.
Ugar gazy bilen zäherlenme ýüze çykanda şu aşakdalary ýerine ýetirip bolar:
Ugar gazy (CO) –bu yssyz, reňksiz gaz, onuň bilen zäherlenme gipoksiýany ýüze çykarýar, öýjükleriň ýaşaýyş işjeňligi bozulýar. Ugar gazy bilen zäherlenme sönüp barýan közlerden, peçiň içi doly ýanyp bolmanka howa sorujy ýapylanda ýüze çykýar. Entek gyzyl sönmedik ot bolanda howa sorujy turbany ýapmaly däl.
Alamatlary
Gözüň awuşamagy, gulaklaryň şaňlamagy, kelle agyry, ýürek bulanma, huşuňdan gitme.
Ilkinji kömek
1. Ejir çekeni arassa howa çykarmaly.
2. Geýimlerini açmaly, dem alyş ýollarynyň geçirijiligini dikeltmeli, dili gitmez ýaly gözegçilik etmeli.
3. Ejir çekeni aýagy kellesinden ýokary bolar ýaly edip ýatyrmaly.
4. Kellesine sowuk zat goýmaly.
5. Bedeni we döşini sypalamaly, üstini ýapmaly, naşatyr spirtini ysgatmaly.
6. Eger-de gaýtaryp başlasa- gapdala ýa-da garnyna öwürmeli we Tiz kömegi çagyrmaly.
Ýurdumyzda dürli keselleriň öňüni almakda ähli mümkinçilikler bar. Şol bir wagtda ýurdumyzda gaýragoýulmasyz tiz kömekleri hem ýerine ýetirmek üçin ähli şertler döredilendir.
Häzirki ajaýyp döwürde hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän taglymatlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine, adam hakyndaky edilýän çuňňur aladalara has içgin göz ýetirýäris. Bu beýik işleriň başynda duran Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin!
Şemşat Gahrymanowa,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Keselleriň öňüni alyş fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.