SIZDEN GELENLER

Saglygy goraýyşda gazanylýan üstünlikler

Gahryman Arkadagymyzyň umumadamzat ösüşine dahylly ýola goýan beýik işlerini mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen halkymyzyň saglygy we abadançylygy ähli zatdan ileri tutulyp, her bir raýatyň saglygynyň goraglylygyny berkitmek, ömür dowamlylygyny uzaltmak, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmak babatda eziz Diýarymyzda giň gerimli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk we ykdysady ylymlarynyň doktory, professor, düýpli ylmy işleriň awtory Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda kabul edilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň öňde goýýan wezipelerine laýyklykda, milli saglygy goraýyş ulgamy dünýä derejesinde yzygiderli ösdürilýär, ilata hödürlenilýän hyzmatlaryň görnüşleri we hili talabalaýyk ölçeglerde kämilleşdirilýär. Bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyna giň gerim berlip, saglygy goraýşy ösdürmekde ýurdumyzda dünýä bileleşigi, aýratyn-da, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy tarapyndan ykrar edilen nusgalyk işler amala aşyrylýar. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen bilelikde alnyp barylýan işleriň netijesinde ýetilen sepgitler we gazanylan üstünlikler halkara derejede ykrar edilýär.

Türkmenistan sagdynlygyň, bagtyýarlygyň ajaýyp mekanydyr. Raýatlaryň saglygy baradaky alada döwlet syýasatynyň ähli ugurlarynda öz beýanyny tapýar. Lukmanlar hünär derejelerini yzygiderli ýokarlandyrmak maksady bilen ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň saglygy goraýyş ylmy merkezlerinde okuw-tejribe taýýarlyklaryny geçýärler. Saglygyň gadyryny bilmek, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek babatynda ilatyň arasynda dürli wagyz-nesihat, düşündiriş çäreleri geçirilýär. Ýaş nesliň sagdyn ösüp, kemala gelmegi üçin olaryň, ilkibaşdan, sagdyn iýmitlenmegi, bedenterbiýe bilen meşgullanmagy, zyýanly endiklerden daşda durmagy üçin giň gerimli işler durmuşa ornaşdyrylýar. Ýurdumyzda ýokary derejeli stadionlaryň, sport desgalarydyr meýdançalaryň yzygiderli gurlup ulanylmaga berilmegi ilatyň arasynda sport bilen meşgullanmaga höwesjeňleriň sanynyň artmagyna giň mümkinçilikleri döredýär.

Eziz Diýarymyzda il saglygy ýurduň iň uly baýlygy hasaplanýar. Şonuň üçin ýurdumyzda raýatlaryň saglygyny goramak, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesini berkitmek, häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelýän ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny kepillendirýän milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek ýaly möhüm wezipeleriň çözülmegine döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýär.

Türkmenistan döwletimiziň saglygy goraýyş ulgamynda toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär we kabul edilen giň gerimli döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar. Bu bolsa halkymyzyň saglygy baradaky döwletimiziň edýän aladasyndan nyşandyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ilatyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek we giňden ornaşdyrmak, D witamini bilen bagly ýagdaýlaryň öňüni almak üçin netijeli çäreleri durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda D witamini bilen bagly öňüni alyş çärelerini ýokarlandyrmak boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Strategiýa we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyna dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrylyp, raýatlaryň saglygyny goramaga ähli mümkinçilikler döredildi. Döwletimiziň iň gymmatly baýlygy bolan ynsan saglygyny goramakda, halkyň abadançylygyny üpjün etmekde uly işler durmuşa geçirilýär. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy hem-de derman senagaty halkara ölçegleriň derejesinde özüniň mynasyp ornuny ynamly eýeleýär. Keselleriň öňüni almakda, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmakda uly üstünlikler gazanylýar. Hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň saglygy baradaky aladalary netijesinde ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy öz ösüşinde hil taýdan täze derejä ýetdi. Ilatyň saglygy ýurduň abadançylygynyň we ýaşaýyş derejesiniň wajyp görkezijisine öwrüldi.

Diýarymyzyň ösümlik dünýäsiniň hakyky ensiklopediýasyna öwrülen «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» kitaby soňky ýyllaryň dowamynda diňe bir ýurdumyzyň lukmanlary we derman senagatynyň işgärleri üçin däl, eýsem, dünýäniň köp halklarynyň diline terjime edilmegi arkaly köp sanly daşary ýurtly hünärmenler üçin ähmiýetli gollanma öwrüldi.

Milli Liderimiziň 2009-njy ýylda başyny başlan düýpli ylmy işiniň dowamy bolan ylmy-ensiklopedik kitabyň täze jildiniň üsti bilen okyjylar etraplaşdyrylan we ýabany ösümlikler bilen ylmy nukdaýnazardan tanşyp bilýär.

Eziz Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen adamyň saglygyny goramak bilen birlikde daşky gurşawyň abadan bolmagy ugrunda geçirilýän çäreler sazlaşykly alnyp barylýar. Täsin tebigatly, dermanlyk ösümliklere baý mekanymyzda halk lukmançylygynda peýdalanylýan ösümlikleri hemmetaraplaýyn öwrenmäge uly mümkinçilikler döredilýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eserleri bolsa, tebigatyň täsin ösümlik dünýäsini öwrenmekde esasy çeşme bolup hyzmat edýär.

Halkymyzyň eşretli durmuşda bagtyýar ýaşamagy ugrunda belent maksatlary amal edýän, ýurdumyzy ösüşlerden ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw edýäris.

Ogultäç Hydyrowa, 

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň

Fakultet terapiýasy kafedrasynyň assistenti. 

Ýene-de okaň

Baş maksat — adamlaryň saglygy

Saglyk — baş baýlyk

Mel­hemlere baý ki­tap

Türkmen ýaşlary – ýurduň geljegi

Bitarap Diýara Täze ýyl geldi!

«Magtymguly — dünýäniň akyldary» – gymmatly gollanma