SIZDEN GELENLER

Sagdynlygyň we ruhubelentligiň baýramy

Bütindünýä saglyk güni her ýyl ýurdumyzda köp sanly medeni-sport çärelerine beslenýär. Aprel aýynyň dowamynda «Sagdynlyk we ruhubelentlik» şygary bilen dürli köpçülikleýin çäreler geçirilýär. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen ýurdumyzyň ygtybarly hyzmatdaşlygy hem öz ajaýyp miwelerini berýär. Türkmenistan ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde, tebigy serişdelere aýawly çemeleşip, daşky gurşawy artykmaç tüsseden, şol sanda temmäki tüssesinden goramak babatda-da netijeli işleri alyp barýar. Munuň özi adamlaryň jan saglygyny, daşky gurşawy gorap saklamagyň, sagdyn ýaşaýşy üpjün etmegiň döwlet syýasatynda ileri tutulýan möhüm ugurlaryň biridiginiň aýdyň güwäsidir.

Türkmenistanda ilatyň saglygyny goramak köpugurly wezipe bolmak bilen, ol diňe bir dürli keselleriň öňüni almak, olary irki döwürlerde anyklamak we netijeli bejermek bilen çäklenmän, eýsem, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ilaty köpçülikleýin bedenterbiýe hem-de sport bilen meşgullanmaga işjeň çekmek wezipelerini hem öz içine alýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda belleýşi ýaly, ýaşaýyş üçin ähli amatlyklar döredilen, kämil saglygy goraýyş ulgamy bolan, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerilýän, raýatlar hakynda ähli aladalar edilýän ýurtda adamlaryň ortaça ömrüniň dowamlylygy, çaga dogluşy artýar. Gahryman Arkadagymyzyň işläp düzen we yzygiderli durmuşa geçiren «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda bu ugurda uly işler göz öňünde tutulandyr. Maksatnama esasynda gurlan saglyk maksatly binalar, oba saglyk öýleri, hassahanalar, şypahanalar we beýleki desgalar, ilkinji nobatda, nesil sagdynlygyny üpjün etmäge niýetlenendir.

Saglyk diňe her bir adam üçin däl, eýsem, tutuş jemgyýet üçin uly gymmatlykdyr, çünki ol beden taýdan sagdynlygyň we güýç-kuwwatyň, zähmet hem-de döredijilik işjeňliginiň, umuman, abadan durmuşyň gözbaşydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu mesele Türkmenistanyň durmuş ugurly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwürde eziz Watanymyzda giň gerime eýe bolan köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketini ösdürmäge aýratyn üns berilýär.

Paýtagtymyzda we sebitlerde iň täze enjamlar hem-de öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen döwrebap saglygy goraýyş edaralary we şypahana ulgamynyň binalary, sport desgalary, ýöriteleşdirilen sport mekdepleri, çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri guruldy, hereket edýän ugurdaş desgalar döwrebaplaşdyryldy.

Şeýle hem her ýyl 7-nji aprelde Bü­tin­dün­ýä sag­lyk gü­ni my­na­sy­bet­li ýur­du­myz­da be­den­ter­bi­ýe-sport, sag­dyn dur­muş we me­de­ni mak­sat­ly çä­re­le­r, şeýle hem köpçülikleýin welosiped ýörişleri ge­çi­ril­ýär. Bu çä­re­ler jem­gy­ýet­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni iş­jeň or­naş­dyr­mak, ösüp gel­ýän ýaş nes­li sport bi­len meş­gul­lan­ma­ga giň­den çek­mek, ra­ýat­la­ry­my­zyň be­den sag­ly­gy­ny ber­kit­mek, ada­myň öm­rü­niň do­wam­ly­ly­gy­ny uzalt­mak mak­sa­dy bi­len gu­ral­ýar.

Agaýunus Annageldiýewa,

D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Iňlis dili fakultetiniň talyby. 

Ýene-de okaň

Türkmen–rus gatnaşyklarynda daşary ýurt dilleriniň ähmiýeti

“Hakyda göwheri” – milli mirasymyzyň şöhratly ýoly

“Magtymguly–dünýäniň akyldary”

Saglyga sarpa – durmuşa sarpa

Saglyk – bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşy

2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

Ata Watan Eserleri