Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ähli ulgamlarda gazanylýan üstünlikler, durmuşa geçirilýän özgerişlikler halkymyzyň saglygynyň bagtyýarlygynyň kepili bolup durýar. Halkyň saglygyny goramak, ynsan ömrüni uzaltmak, keselleriň öňüni almak, lukmançylyk ylmyny ösdürmek, saglyk durmuş kadalaryny düzgünleşdirmek üçin ýurdumyzyň hassahanalarynda ähli zerur şertler döredilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny kabul edilmegi bilen, eziz Diýarymyz saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek we halkara ölçeglere laýyk getirmek babatda düýpli özgertmeler amala aşyryldy. Şonuň netijesinde, ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynda uly we täze sepgitlere ýetildi.
Paýtagtymyz Aşgabatda, welaýat merkezlerinde öňdebaryjy innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylan saglyk merkezleri, şypahanalar, ýöriteleşdirilen hassahanalar, derman senagaty kärhanalary, sport desgalary yzygiderli gurlup ulanmaga berildi. Ýurdumyzda ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň netijeliligi, hili we elýeterliligi ýokarlandyryldy. Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş maksatlaryna laýyklykda, saglyk we saglygy goramak bilen bagly durmuşa geçirilmeli anyk wezipeler kesgitlenildi. Keselleriň öňüni almakda, olary ýok etmekde ýetilen sepgitler we gazanylan üstünlikler halkara derejede ykrar edildi. Bu ugurda gazanylan üstünliklere Türkmenistana gowşurylan güwänamalar, sylaglar we beýleki resminamalar aýdyň şaýatlyk edýär.
Türkmenistanda enäniň we çaganyň saglygyny goramak boýunça «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýa hem-de Türkmenistanda ilatyň kesellere garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrmak boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama kabul edildi.
Ösüp gelýän ýaş nesliň saglygy baradaky hemmetaraplaýyn alada biziň baş aladamyz bolup durýar. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bitirýän hyzmatlary uludyr. Arkadag şäheriniň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi hem çagalaryň sagdyn bolmagy ugrunda giň tagallalar edýär.
Aýnur Baýramowa,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň
Gospital pediatriýa kafedrasynyň assistenti.