SIZDEN GELENLER

Sagdyn jemgyýetde bagtyýar nesiller

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen kabul edilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasy häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu maksatnama jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň wagyz etmekden başlap, dürli görnüşli keselleri bejermegiň iň täze we täsirli usullaryny ulanmaga çenli saglygy goraýşyň milli nusgasyny döretmäge gönükdirilen düýpgöter täze çemeleşmeleri öz içine alýar. Soňky ýyllarda paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk häzirki zaman lukmançylyk merkezleriniň gurlup, saglygy goraýyş ulgamynyň infrastrukturasynyň döwrebaplaşdyrylýandygy örän guwandyryjydyr.

Arkadagly eýýamymyzda ýurdumyzda lukmançylygyň kämil hukuk binýady döredildi. Bu babatda «Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda», «Şypahana işi hakynda», «Iýmit önümleriniň howpsuzlygynyň we hiliniň üpjün edilmegi hakynda», «Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek we goldamak hakynda», «Derman üpjünçiligi hakynda», «Psihiatrik kömek bermek hakynda», «Ýokanç keselleriň öňüni almak hakynda», «Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary we ýene-de birnäçe  kanunçylyk namalary onuň aýdyň mysallarydyr.

Ýeri gelende bellesek, Arkadag şäheri jemgyýetçilik saglygyny goramak, öňdebaryjy usullary we tehnologiýalary üstünlikli ornaşdyrmak babatda görülýän düýpli çäreleriň aýdyň görkezijisi boldy. Onuň durmuş infrastrukturasynyň hatarynda 350 orunlyk köpugurly hassahana, 150 orunlyk onkologiýa merkezi, 150 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi, «Tiz kömek» merkezi ýaly saglygy goraýyş ulgamyna degişli onlarça desgalaryň gurulmagy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründäki beýik işleriň mysalydyr.

Gahryman Arkadagymyzyň saglygy goraýyş ulgamynda başyny başlan giň möçberli özgertmeleriniň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylmagy esasynda ýaş nesilleriň saglygynyň berkidilmegi, sazlaşykly ösüşi, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň wagyz edilmegi möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi.

Şunda Watanymyzyň bagtyýar nesilleriniň beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagyny gazanmak, enäniň, çaganyň saglygyny goramak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň halkymyzyň dünýä nusgalyk ynsanperwer ýörelgelerini esasy ugur edinýändigini bellemek gerek.

Şu ýyl ynsanperwer ýörelgeleri esasy ugur edinýän gaznanyň döredilmegine 4 ýyl bolýar.  Häzirki döwürde ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesilleri durmuş taýdan goldamak, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygynyň dikeldilmegine ýardam bermek, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin amatly şertleri döretmek hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenendir. Şunda Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň dünýä nusgalyk ynsanperwer işleri alyp barýandygyny bellemek ýakymly.

Gaznanyň ýardam bermeginde körpe nesilleriň saglygyny goramak, howandarlyga mätäç çagalara degişli bejergi işlerini geçirmek boýunça ägirt uly işler amala aşyrylýar. Munuň özi ýurdumyzda çagalaryň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine uly ähmiýet berilýändiginiň aýdyň mysalydyr.

Bagtly çagalygyň ýurdy bolan Türkmenistanda ýaş nesliň saglygyny berkitmek meselesi döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýar. Häzirki wagtda Türkmenistanda enäniň we çaganyň saglygyny goramak boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly Milli strategiýa bu möhüm ugurdaky utgaşdyrylan işleriň binýady bolup hyzmat edýär. Ýurdumyzda ata-babalarymyzyň «Çaga — ömrüň dowamy», «Çaga — gol-ganatyň», «Çagany — ýaşdan, edebi — başdan», «Akylyň bahasy bolmaz, terbiýäniň — çägi» ýaly parasatly pähimlerinden ugur alnyp, maşgalany we eneligi goldamaga, köp çagalylygy höweslendirmäge aýratyn ähmiýet berilýär.

Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyz 2023-nji ýylyň 15-nji martynda Aşgabatda döwrebap lukmançylyk desgalarynyň birbada üçüsiniň — Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Stomatologiýa merkeziniň we Halkara pediatriýa merkeziniň düýbüni tutmak dabaralaryna gatnaşypdy. Paýtagtymyzyň günortasynda ýerleşýän Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň düzüminde guruljak Halkara pediatriýa merkezinde çagalara dünýä ülňülerine laýyk, ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary amala aşyrylar. Merkezde newrologiýa, endokrinologiýa, ortopediýa, allergologiýa, çaga kesellerini döwrebap anyklamagyň we bejermegiň beýleki möhüm ugurlary boýunça işlejek lukmanlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmaga zerur üns berilýär.

Bagtyýar çagalaryň ýüzündäki şatlyk Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ýaşajyk raýatlarynyň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegine, saglygyna, abadançylygyna gönükdirilen tagallalarynyň üstünliklere beslenýändiginiň ajaýyp alamatydyr. Bu işleriň ählisi biz — lukmanlara ruhubelent hem tutanýerli zähmet çekmäge egsilmez güýç berýär.

Ilatyň saglygyny bejermäge we dikeltmäge gönükdirilen şeýle ajaýyp desgalary gurduryp ulanmaga berýän lukman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri mundan beýläk-de hemişe rowaçlyklara beslensin!

Atajan Hemraýew, 

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Çaga hirurgiýasy kafedrasynyň assistenti, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty. 

Ýene-de okaň

Bilim ulgamyndaky okatmagyň kämil usullary

Bilim özgertmeleri we amaly matematika

Ata Watan Eserleri

Ynsan saglygy – uly baýlyk

Okuwçylaryň işjeňligini artdyrmakda okatmagyň innowasion ugurlary

Irki ösüş – kämil nesil

Türkmenistan – dermanlyk ösümlikleriň mekany