SIZDEN GELENLER

Sagdyn iýmitlenmegiň möhüm ugurlary

Sagdyn iýmitlenmek köp babatda möhüm bolup durýar. Pasyllara görä, iýmitlenmek, şol bir wagtda käbir miwedir gök bakja önümlerini çig iýmegiň hem peýdaly taraplary bardyr.

Şu ýerde käbir miwedir gök bakja önümlerini çig iýmegiň peýdalary barada maglumat bermegi göz öňünde tutduk.

Sagdyn we deňagramly iýmitlenmek üçin aýrylmaz we saglyga köp peýdasy bolan miweler we gök önümler bişirilende iýmit ýokumlylygyny ýitirip biler. Ine, bişirilmeli däl iýmitler.

Gök önümler we miweler beden üçin zerur witaminleri we minerallary üpjün edýändigi sebäpli, islendik deňagramly we sagdyn iýmitlenişde möhüm iýmit toparlarydyr. Olary taýýarlamagyň köp usuly bar; buglamak, gowurmak…

Şeýle-de bolsa, käbir miweler we gök önümler çig iýlende häsiýetlerini we peýdalaryny saklaýarlar.

Brokkoliniň saglyga peýdasy barada öňem eşidensiňiz, ýöne çig iýmegiň iň gowudygyny bilýärdiňizmi?

Brokkoli köp mukdarda sulforafany öz içine alýar, düwnük keseliniň, ýürek keselleriniň we beýleki köp sanly saglyk näsazlyklarynyň öňüni almaga kömek edýär. Geçirilen gözlegler, brokkoli bişirilmän çig iýlende bedenimiziň sulforafany has çalt siňdirýändigini görkezýär.

Şeýle hem, şol bir wagtda sogan, pomidor, sarymsak, gyzyl burç, şugundyr ýaly gök bakjak önümlerini çig iýmek maslahat berilýär.

Meselem, sogan bilen sarymsak bişirilende öz ýokumlylyk görkezijilerini ýitirýär. Sogan ýürek-damar keselleriniň öňüni alyp biljek maddalary öz içine alýar. Geçirilen gözleglerde peçde bişirilen çig soganlaryň 30 minutda ýürege peýdaly minerallary doly ýitirýändigi anyklandy.

Sogan, sarymsak, pomidor ýaly önümler ýylylykda öz ýaramlylyk häsiýetlerini ýitirip bilýär.

Umuman, iýmitiň ýokumlylygy onuň düzümindäki mineral maddalara, witaminlere, beloklara, uglewodlara we ýaglara bagly bolup, adamyň gündeki iýmitiniň dürli-dürli bolmagy wajypdyr. Sagdyn we dogry iýmitlenmegiň esasyny adam bedeniniň öýjükleriniň we dokumalarynyň gurluşynyň esasyny düzýän beloklar tutýar. Bedeniň madda çalşygy, myşsalaryň ýygrylmagy, ösmek we köpelmek, pikirlenmek ukyby beloklara baglydyr.

Gaýgysyz  Hudaýberdiyew

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniñ mugallymy.

 

Donald Tramp jemgyýetçilik torundan gazanyp başlady

 

 

 

Ýene-de okaň

Saglygymyz özümize bagly

Saglygy goraýyş ulgamynyň galkynan döwri

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri